Iň täze habarlar

«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder

27.02.2024 | 20:04 |
 «Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder

«Microsoft» özüniň emeli aň ulgamlaryny elýeterli eder. Bu barada tehnologiýa ägirdiniň wekilleri Barselonada geçirilýän ykjam tehnologiýalar kongresinde (MWC) aýtdylar. Bu barada «Euronews» habar berýär.

Olaryň bellemeklerine görä, munuň özi ýurtlara emeli aň tehnologiýalarynyň binýadynda täze ykdysady ulgamlary döretmäge mümkinçilik berer.

Munuň üçin kompaniýa bütin dünýädäki işläp düzüjiler üçin bulut emeli aň infrastrukturasyna elýeterliligi giňeltmegi göz öňünde tutýar.

«Bu ýerde, Barselonada geçirilýän Bütindünýä ykjam tehnologiýalar kongresinde biz emeli aňa elýeterliligi üpjün edýän mehanizmi tanyşdyrýarys. Aslynda, bu ony diňe özümiz üçin döretmeýändigimizi aňladýar. Biz ony bütin dünýädäki kompaniýalaryň emeli aň ulgamynda özleriniň oýlap tapyşlaryna maýa goýmagy üçin elýeterli edýäris» diýip, «Microsoft» kompaniýasynyň wise-prezidenti Bred Smit «Euronews» habarlar gullugynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde belledi.

Ol her bir adamyň bu tehnologiýany ulanyp, emeli aň ulgamynyň binýadynda programma üpjünçiligini, öz ykjam goşundylaryny we ş.m. döredip bilmegi üçin kompaniýanyň emeli aň maglumatlaryny gaýtadan işleýän merkezleriň gurluşygyna ummasyz köp maýa goýýandygyny aýtdy.

Şeýle hem «Microsoft» kompaniýasynyň wise-prezidenti emeli aňy gorag galkany hökmünde ulanmagyň, ony zyýanly emeli aň ulgamyny ýüze çykarmak üçin peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

«Microsoft» kompaniýasynyň ösýän emeli aň bazaryndaky gatnaşygyny giňeltmek maksady Barselonadaky ykjam tehnologiýalar kongresinde emeli aň ulgamynda iş alyp barýan «Mistral AI» fransuz kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasy bilen subut edilýär.

«Microsoft» meşhur «ChatGPT» çat-botyny döreden «OpenAI» kompaniýasyna eýýäm köp maýa goýdy.

ORIENT news

Foto: playground.ru

Şeýle hem okaň: