Iň täze habarlar

Barselonada geçirilen halkara sergide ykjam enjamlar senagatynyň täze önümleri tanyşdyryldy

27.02.2024 | 19:43 |
 Barselonada geçirilen halkara sergide ykjam enjamlar senagatynyň täze önümleri tanyşdyryldy

Barselonada ykjam enjamlar senagatynyň dünýädäki iň iri sergileriniň biri bolan «Mobile World Congress 2024» geçirilýär.

Öňdebaryjy elektronika öndürijileri flagman smartfonlardan, planşetlerden we noutbuklardan başlap, «Windows» bilen işleýän düýbünden täze oýun enjamlaryna hem-de «akylly» ýüzüge çenli esasy täze önümlerini tanyşdyrýarlar.

Olaryň köpüsi hytaý brendleridir.

Şeýlelikde, «Honor» kompaniýasy täze «Honor Magic6 Pro» flagman smartfonyny we iň kuwwatly «Magic Book Pro 16» noutbugyny tanyşdyrdy.

«Honor Magic6 Pro» 180 Mp periskop kamerasy bilen enjamlaşdyrylan dünýädäki ilkinji smartfon boldy, «Magic Book Pro 16» bolsa bu hytaý brendi tarapyndan öndürilen iň kuwwatly noutbukdyr.

Beýleki hytaý kompaniýasy «Xiaomi» Barselonadaky halkara sergisiniň çäklerinde ozal HHR-de tanyşdyrylan esasy täze önümleriniň global nusgalaryny görkezdi. Hytaýlylar «Xiaomi 14 Ultra» flagman smartfonyny tanyşdyrdylar. Ol «iPhone 15 Pro Max» we «Samsung Galaxy S24 Ultra» bilen bäsleşmek maksady bilen döredildi.

«Xiaomi» kompaniýasynyň Ispaniýanyň Barselona şäherinde tanyşdyran ýene bir enjamy 3K durulygy, 144 Gs täzeleniş tizligi we 900 nit ýagtylygy bolan 12,4 dýuýmlyk displeýli «Pad 6S Pro» planşeti boldy.

«Lenovo» kompaniýasy öz-özüni bejermek üçin uýgunlaşdyrylan «ThinkPad T14 Gen 5» noutbugyny, «Tecno» bolsa «Windows» bilen işleýän ilkinji giňeldilen hakykat oýun toplumyny görkezdi.

Günorta Koreýanyň «Samsung» kompaniýasy «Galaxy S24» flagman smartfonlarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde «Galaxy Ring» «akylly» ýüzüginiň işleýän prototiplerini görkezdi. Bu fitnes-bileklikleriniň ornuny tutjak düýbünden täze görnüşli enjamdyr. Ol ulanyjynyň esasy saglyk görkezijilerine gözegçilik eder.

«Mobile World Congress 2024» mart aýynyň başyna çenli dowam eder.

ORIENT news

Foto: dzen.ru

Şeýle hem okaň: