Iň täze habarlar

Stambulda ýatdan çykmajak 48 sagadyňyzy geçiriň

31.01.2024 | 11:34 |
 Stambulda ýatdan çykmajak 48 sagadyňyzy geçiriň

Dünýäniň iň özüne çekiji şäherleriniň biri bolan Stambul ajaýyp taryhy, özboluşly aşhanasy, joşgunly sungaty we medeniýeti we köp sanly şoping mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar. Türkiýäniň iň meşhur magapolis şäheri ýylyň bütin dowamynda dürlülige baý bolýar. Hatda gyş möwsüminde hem bu ýerde joşgunly durmuş dowam edýär. Şonuň üçin bu şäher, hususan-da, dynç günleri dynç almak üçin esasy syýahatçylyk merkezi bolmagynda galýar. Şäheriň taryhy bilen tanyşmak, onuň iň ajaýyp ýerlerini synlamak we “Michelin” ýyldyzlary bilen sylaglanan restoranlaryň lezzetli tagamlaryndan dadyp görmek üçin Stambula 48 sagat syýahat ediň!

Anna güni: Ajaýyp Stambula hoş geldiňiz!

Doly derejeli dynç almak üçin amatly ýerde ýerleşmek

Stambulda Bosforyň ajaýyp keşbini synlap bolýan, taryhy ýerlere ýakyn we ýekelikde we maşgala bolup dynç almak üçin amatly kaşaň myhmanhanalar bar. Bu myhmanhanalaryň köpüsi Durnukly syýahatçylyk boýunça ählumumy geňeşi (GSTC) tarapyndan ekologia taýdan arassalygyny delillendirýän şahadatnamalara eýedir. Kaşaň spalar we hammamlar Olaryň aglabasynda bardyr.

Şenbe güni: Syýahatymyza başlalyň!

08.00-10.00: Iň gowsy, adaty türk ertirligi bilen başlamak

Bereketli, ýakymly we tagamly türk ertirligi syýahata başlamak üçin iň amatly başlangyçdyr. Taryhy ýarym adanyň restoranlarynyň birinde ertirlik naharyny sargyt edeniňizde, öňüňizde goýlan bir giden zatlara haýran galarsyňyz. Bu garbanyşhanalaryň köpüsinde Bosfor deňziniň ajaýyp görnüşleri görünýär. Adaty türk ertirlik naharyny ozal iýip görmedik bolsaňyz, size garaşýan tagamlar şulardan ybaratdyr: ak, tulum we kaşar, çekelek ýa-da mihaliç ýaly peýnir görnüşleri; Mermer deňzi we Egeý sebitleriniň datly zeýtuny; ter hyýar, pomidor, bolgar burç we otlar; şeýle hem ary baly, öý şertlerinde taýýarlanylan mürepbeler we gaýmak. Bu pyrsatlary duýup görmek mümkinçiligini elden gidirmäň - ýumurtgadan, bolgar burçundan we pomidordan taýýarlanylan menemen naharsyz türk ertirligini göz öňüne getirmek hem kyndyr. Elbetde, ýüpden sallanan köp sanly simitler, ýyly çörek we täze demlenen çaý bolmasa-da türk ertirligini iýdim diýip bolmaz.

10.00-14.00: Taryhy ýarym ada – şäheriň merkezindäki, açyk asmanyň astyndaky muzeý

Ertirlik naharyndan soň, taryhy ýarym adadaky dürli döwürlere degişli ajaýyp binagärlik ýadygärliklerine gezelenç edip bilersiňiz. Açyk asmanyň astyndaky muzeýiň esasy eserleriniň arasynda ajaýyp we owadan Aýýa Sofiýa, özüne çekiji Gök metjitleri, syrly Bazilika howzy, şeýle hem Osmanly soltanlarynyň ýaşan Topkapy köşgi we onuň bagynda ýerleşýän Stambul arheologiýa muzeýi bar. Aýýa Sofiýadan birnäçe adim aňryk ýöreseň, bu binanyň taryhy muzeýini görmek bolýar. Onuň golaýynda şeýle hem belli Soltanahmet köftelerini we beýleki datly tagamlary iýip boljak birnäçe taryhy desgalar bar.

14.00-16.00: asyrlaryň dowamynda satlyk harytlary bilen adamlary göwnüni göterýän Grand-bazary

Soltanahmet etrabynda günortanlyk nahary edineniňden soň, gyzgalaňly Grand-bazara barmak üçin azajyk ýöremek ýeterlik. Uly hazyna çalymdaş bu bazar özüniň baý görnüşli halylary, keramiki önümleri, plitkalary, şaý-sepleri we başga-da köp sanly harytlary bilen haýran galdyrýar.

16.00-18.00: Bosforyň ýakasynda agşam şapagyny garşylalyň

Tramwaýda Eminon etrabyna, ol ýerden bolsa Müsür bazaryna gitmegiň wagty geldi. Üsti ýapyk bazar dürli öwüşginde ýalkym saçyp, iýmitleriň, dermanlyk ösümlikleriň bark urýan (guradylan miweler we türk tagamlary ýaly) ysyndan doly. Müsür bazaryndan gämilerdir gaýyklardan doly Bosfor kenarynda gezelenç etmek üçin bäş minut pyýada ýöremek ýeterlik. Adatça, bu ýerden gämili ýüzüşler her sagatda bolýar. Ýöne gezelençler dowamlylygy boýunça üýtgäp biler. Gysga görnüşli syýahat gün ýaşar wagty (bir ýarym sagat töweregi) Stambulyň iki kenaryndaky gözelliklerden lezzet almaga amatly mümkinçilik bolar. Gezelenje ugramazyňyzdan ozal, syýahat wagty garbanmak üçin gämi duralgasynda duran taryhy gaýyklaryň birinden balyk sendwiçini satyn alyp bilersiňiz.

19:30-22:30: ajaýyp türk aşhanasy üçin wagt

Bosfor boýunça gämili gezelenç edeniňizden soň, Stambuldaky ilkinji günüňizi “Michelin” ýyldyzlaryna eýe bolan restoranlaryň birinde agşamlyk naharyny edinmek bilen tamamlaň. Stambulyň ajaýyp aşhana panoramasy täzeliklere ymtylýan, şol bir wagtda tagam taýýarlamagyň irki ýörelgelerine eýerýän aşpezleriň nahar bişiriş sungatyna ýugrulýar. Ýatdan çykmajak nahardan we ajaýyp türk winosynda lezzet alyň.

Ýekşenbe güni: Bu ýerden ugramazdan ozal, bar zada ýetişjek boluň!

10.00-14.00: dynç günüňizi stambullylar kimin geçiriň

Karakoýyň seýilgähleriniň birinde ak peýnirden, çişirilen simitlerden we çaýdan ybarat ertirlik nahary bilen syýahatyňyzyň ikinji gününi edil hakyky stambully ýaly başlap bilersiňiz. Soňra bogem kafeleri we sungat galereýalary bilen meşhur bolan bu etrapda gezelenç ediň. Karakoýyň ýollary sizi Stambulyň özüne çekiji Galataport diýen ýerine – durky täzelenen port meýdançasyna alyp barar. Kenar ýakasynda ýokary derejeli restoran, kafe, dükan we Türkiýäniň ilkinji “Stambul Modern” häzirki zaman sungat muzeýi bolan bu ajaýyp künjekde kofe içip bilersiňiz. Meşhur binagär Renzo Pýano tarapyndan döredilen bäş gatly muzeýiň häzirki zaman binasy onuň içinde ýerleşdirilen eksponatlardan täsirliligi boýunça birjik-de kem däl. Bu ýerden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşen Satmbulyň Nakgaşçylyk we heýkeltaraşlyk muzeýine baryp, Türkiýäniň iň meşhur heýkeltaraşlary tarapyndan döredilen eserleri synlap bilersiňiz.

14.00-18.30: Şäher merkezi – Taksim etraby saňa garaşýar Türkiýede birinji, dünýäde bolsa ikinji iň gadymy ýerasty asma ýoly Karakaýy Istikläliň köçeleri bilen özara baglanyşdyrýar. Asma ýoluň kabinasyndan düşeniňizden soň, şäheriň taryhy böleginiň doly görünýän Galata diňine ugraň. Stambulyň esasy nyşanlarynyň biri bolan Galata diňine barmak üçin owadan köçeler boýunça ýöräň. Gaýdyşyn Istiklälä pyýada ýöräp, ýa-da retro-tramwaýa münüp dolanyp bilersiňiz. Bu ýerde size ajaýyp binalar, söwda meýdançalar, uly we kiçi dükanlar, çeperçilik galereýalar, ikinji el kitap dükanlary, meşhur ybadathanalar (esasanam keramatly Antoni Padua ybadathanasyna) we başga-da köp zatlar garaşýar. Köçe tagamlary bilen meşhur Stambulda aýlanyp ýörkäňiz, gowrulan kaştan, grildäki mekgejöwen, bugardylan we gowrulan midiýa, kokoreça we beýleki ýerli tagamlaryň ysy töwerege dolýar.

19.00-23.30: Stambul stilinde dynç almak

Istikläliň köçeleri boýunça gezelenjiňizi Taksim meýdançasyndaky köşkleriň birinde – mysal üçin Atatürk adyndaky medeni merkezde tamamlap bilersiňiz. Onuň opera zalyna 2 müňden gowrak adam ýerleşip, dünýä derejesindäki sahna çykyşlary goýulýar. Bu ýerde sahna çykyşyna tomaşa edeniňizden soň, Istikläliň köçelerine gaýdyp gelip, bu ýerdäki garbanyşhanalarda türk mezesi, balyk we leňňeç ýaly tagamlardan lezzet alyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: