Diýarbakyr – Günüň kalbyndaky şäher
27.12.2023 | 09:46 |Meniň nobatdaky gulluk iş saparym Gadymy Mesopotamiýa, has takygy, Amida şäherine, Türkiýäniň häzirki Diýarbakyr şäherine boldy.
Taryhy maglumatlara görä, Gadymy Mesopotamiýa Müsür bilen bir hatarda Gadymy dünýäniň beýik siwilizasiýalarynyň biridir. Tigr we Ýewfrat derýalarynyň arasynda, Günbatar Aziýada ýerleşen bu antiki yurt biziň eýýamymyzdan öňki dördünji müňýyllygyň ortalarynda döredi we biziň eýýamymyzyň başlarynda ýitip gitdi.
Gadymy Mesopotamiýa dünýä medeniýetinde çuňňur yz galdyrdy. Ähli ylymlaryň şasy hasaplanýan matematikanyň gadymy däpleri, (hususan-da, töweregiň 360 gradusa bölünmegi we 60-lyk ulgamynyň beýleki birlikleri), astranomiýa bu ýerden gözbaş alyp gaýdýar.
Mesopotamiýada gadymy hat ýazuwy, ilkinji şäherler we döwletler, bank ulgamynyň ilkinji alamatlary, gadymy edebiýat peýda boldy, kitaphanalar, mekdepler, arhiwler, muzeýler guruldy.
Özüniň binagärligi, heýkeltaraşlygy, döwlet, hukuk, pul ulgamy, senenama ýaly institutlary bilen Mesopotamiýa siwilizasiýasy Ýakyn Gündogaryň köp döwletleri, şol sanda Elam, Hett şalygy, Midiýa, Pars döwleti üçin nusgalyk boldy.
Diýarbakyry “Günüň ýüregindäki şäher” diýip atlandyrýarlar. Ol geçmişe, häzirki döwre we geljege penjire açyp, özünde 33 siwilizasiýanyň galdyran yzlaryny jemleýär.
Diýarbakyr Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şäherleriň biri bolupdyr. Gadymy kerwensaraýlarda häzirki wagt hem haly, kilim we kümüş önümlerini satýan dükanjyklar bar.
Diýarbakyryň merkezindäki taryhy Sur raýonynda häzirki güne çenli saklanyp galan dünýäniň iň iri gala desgalarynyň biri—Diýarbakyr gala-diwary ýerleşýär. Bu diwar Beýik Hytaý Diwaryndan soňra uzynlygy boýunça dünýäde ikinji orny eýeleýär. Onuň bina edilen anyk senesi belli däl, ýöne, çaklamalara görä, bu beýik desganyň gurluşygyna rim imperatory Konstansiý II tabşyrygy boýunça 349-njy ýylda başlanypdyr. 2015-nji ýylda bu desga ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizildi.
Diýarbakyry gurşap alýan diwarlar içerki we daşarky böleklerden ybaratdyr.
Daşarky diwaryň saklanyp galan böleginiň uzynlygy 5 kilometre, ini 3-5 metre, beýikligi bolsa, 10-12 metre deňdir. Gala diwarynda 82 sany diň we 4 derweze bar. Bu derwezeler dünýäniň dört tarapyna bakýar. Derwezeler barelýefler bilen bezelip, Demirgazykdakysynda “Dag derwezesi”, Günortadakysynda “Mardin derwezesi”, Gündogardakyda “Täze derweze”, Günbatardakyda bolsa, “Urfa derwezesi” diýen ýazgylar bar.
Diwar-gala goýy-çal bazalt daşyndan bina edilipdir.
Içerki galada tapylan taryhy tapyndylar we onuň ýerleşýän ýeri bu raýonyň şäheriň tutus taryhynyň dowamynda edara merkezi hökmünde bolandygyny çaklamaga mümkinçilik berýär.
Içerki galada Amid depesi, Artukidleriň köşgi, Süleýmanyň metjidi we 27 sahabanyň kümmetleri, Mukaddes Georginiň ybadathanasy, Şir suw çüwdürimi ýerleşipdir. Häzirki wagtda bu ýerde Arheologiýa muzeýi, Sebit barlaghanasy, gubernatoryň kabulhanasy, gadymy türme, harby bölümiň binasy, şeýle hem Atatürk muzeýi ýerleşýär.
Häzir olaryň käbirleri barada jikme-jik gürrüň berjek.
Amid depesi
Amid depesi Diýarbakyr şäheriniň merkezinde ýerleşýär we bu çäklerde ilkinji ilatly ýaşaýşyň başlanan ýeri bolup durýar. Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan taryhy tapyndylar Amid depesinde ilkinji ilatly ýaşaýşyň 8 müň ýyl mundan ozal, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki 6100-nji ýylda başlanandygyny we biziň günümize çenli dowam edendigini görkezdi.
Hezreti Süleýmanyň metjidi we 27 sahabanyň kümmetleri
Bu metjit Süleýman pygamberiň metjidi ýa-da Gala metjidi diýip atlandyrylýar. Bu ýerde Süleýman pygamberiň we 27 sahabanyň guburlary bolandygy üçin ýerli ýaşaýjylar we jahankeşdeler bu metjide zyýarata gelýärler.
Hezreti Omaryň halyflyk eden döwründe Diýarbakyryň zabt edilmegi bu ýerden başlanýar. Metjit sahabalaryň kümmetlerinden, namaz okalýan jaýdan, dörtburç minaradan we birnäçe suw çüwdürimlerinden ybarat bolan desgalar toplumydyr.
Mende iň uly täsir galdyran desgalaryň biri hem Ongözli köprüdir. Ony şeýle-de, Tigr köprüsi ýa-da Silwan köprüsi diýip hem atlandyrýarlar. Ol 1065-1067-nji ýyllarda Marwanidleriň nesilşalygy döwründe Nizameddin Nasryň hökümdarlyk eden wagtynda gurlupdyr. Köpri şäheri gaban goşunlar tarapyndan ýykylypdyr we soňra täzeden dikeldilipdir.
Ongözli köpri tutuşlygyna bazalt we dag daşyndan gurlupdyr. Köprüniň uzynlygy 18 metr, ini bolsa, 7-8 metre deňdir. Köprüniň gapdalyndaky ýazgy bilen bir derejede kellesi saga bakyp duran ýolbarsyň barelýefi ýerleşdirilipdir. Köprüniň esasy böleginiň beýleki daşlarynda hem ýolbarsyň şekiliniň yzlaryny görmek bolýar.
Şeýle hem Diýarbakyryň beýleki gözel künjekleriniň hatarynda Zerzewan galasyny, Mitranyň ybadathanasyny, Surp Giragos ermeni ybadathanasyny, Sülükli Han myhmanhanasyny bellemek bolar.
Diýarbakyryň aşhanasynyň tagamlary hem daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär. Has meşhur tagamlaryň hatarynda habenisk ady bilen belli merjimek çorbasyny, aýwaly (behili) gowurmany bellemek bolar.
Katkat-kebap Diýarbakyryň özboluşly tagamlarynyň biridir. Bu çişlik ýedi gat görnüşinde bişirilýär. Şeýle hem Diýarbakyrda tuwakly palaw meşhurdyr. Ol gelniň başatgyjyndaky nagyşa meňzeş bolandygy üçin şeýle atlandyrylypdyr. Bu palawy sünnet toýlarynda, şeýle hem gelin toýlarda bişirýärler.
Diýarbakyryň garpyzlary bolsa, özleriniň uly ölçegi bilen dünýäde meşhurdyr. Olaryň käbiriniň agramy 50 kilogramdan hem geçýär.
Diýarbakyryň “Medeniýet ýoly” atly giň gerimli festiwaly kabul eden 11 türk şäheriniň biri bolmagy tötänden däldir. Festiwal şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin konsertlerden başlap, ussatlyk sapaklaryna, sergilere çenli dürli çäreleri hödürleýär.
Nurmyrat Ýylkybaýew