Iň täze habarlar

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi: Esasy sözlerde Hytaýa garaýyş (19-njy sany)

15.12.2023 | 14:26 |
 Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi: Esasy sözlerde Hytaýa garaýyş  (19-njy sany)

8 ýyl mundan ozal Hytaý Halk Respublikasynyň (HHR) Başlygy we dünýä döwletleriniň liderleri örän möhüm we parasatly syýasy çözgüdi - Pariž ylalaşygyny kabul etdiler. Ol howanyň üýtgemegi bilen bagly täsirlere garşy göreşde ählumumy hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga berdi. 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň ýörite wekili Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşyp çykyş etdi. HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň çykyşynyň esasy mazmuny we ählumumy howa täsirlerini dolandyrmakda Hytaýyň esasy garaýyşlary hem-de möhüm goşandy barada türkmenistanly dostlarymyzy tanyşdyrmagy makul bildim.

1-nji esasy söz: möhüm goşant

Hytaý öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen, dünýäniň howa baradaky syýasatyna möhüm goşant goşdy. Biz "ýaşyl" ösüşi işjeň ilerledýäris. 2022-nji ýylda ikili okisli uglerodyň daşky gurşawa zyňylyş ýygylygy 2005-nji ýyldaky bilen deňeşdieniňde 51 göterim azaldy. Täze energiýa çeşmelerinde işleýän awtoulaglary öndürmek we ýerlemek boýunça Hytaý dünýäde birinji orny eýeleýär. Şeýle görnüşli awtoulaglaryň sany 18 milliondan geçýär. Bu dünýäde bar bolan möçberiň deň ýarysyndan gowragyny düzýär. Biz energetika öwrülişigini işjeň ösdürýäris. Gazylyp alynmaýan energetikanyň emele getirilen kuwwaty 50,9 göterime çenli ýokarlandy. Hytaý daşary ýurtlaryň täze görnüşdäki elektrik stansiýalaryny gurmagy doly bes etdi we dünýäde bar bolan ýel elektrik desgalaryň 50 göterimini hem-de fotoelektrik stansiýalaryň hem 80 göterimini özünde jemledi. Biz daşky gurşawy gormaka babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ilerledýäris. Hytaý howanyň üýtgemeginiň täsirlerine ösüp gelýän ýurtlaryň uýgunlaşmagy babatda mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek maksady bilen "Günorta - Günorta" atly ýörite gazna 1,2 milliard ýuan bölüp berdi.

2.jpg

2-nji esasy söz: köptaraplylyk

Bize köptaraply hyzmatdaşlygy iş ýüzünde ösdürmek wajypdyr. BMG-niň Howanyň üýtgemegi býounça Çarçuwaly konwensiýasynda we Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan maksatlara we ýörelgelere eýermek, raýdaşlygy we hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem özara bähbitli netijeleri gazanmak zerurudyr.

3-nji esasy söz: "ýaşyl" öwrülişik

Biziň ählimize "ýaşyl" öwrülişiň işjeňleşdirmek möhümdir. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň eýeleýän ornuny işjeň ýokarlandyrmak, arassa, az uglerodly we däp bolan energetikany netijeli peýdalanmak, şeýle hem "ýaşyl", az uglerodly usullary ulaýan önümçilikleri hem-de durmuş nusgasyny emele getirmegi işjeňledşdirmek zerur.

4-nji esasy söz: borçnamalara eýermek we herekete geçmek

Bize üstümize alan borçnamalara eýermek we şolara görä herekete geçmek wajyp. Hususan-da, ösen döwletler özleriniň garaýyşlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ösýän ýurtlara maliýe we tehnologiýa, şeýle-de bu babatda kuwwatlyklary ýokarlandyrmaga goldawlaryny netijeli artdyrmaly.

Sýan Naýçen, HHR-iň Türkmenistandaky ilçisi.

Foto: russian.news.cn

Şeýle hem okaň: