Jozef Pilates - täsin metodikany dörediji
09.12.2023 | 16:49 |Günbatarda iň meşhur maşk görnüşleriniň birine öz adyny beren nemes-amerikan fiziki tälimçisi Jozef Pilates 140 ýyl mundan ozal 9-njy dekabrda dünýä indi. Pilates "häzirki zaman" durmuş ýörelgeleri, dogry durmazlygyň we netijesiz dem almagyň saglyga zyýan ýetirýändigi barada netijä geldi. Ahyrynda birnäçe türgenleşikleri we okuw usullaryny döretdi we usullaryny öwretmek üçin zerur enjamlary, aýratynlyklary we sazlamalary dizaýn etdi. Ol bolsa, Pilates diýlip atlandyryldy.
…Pilates syrkaw çagady. Demgysma, rahit (süňkleriň emele gelmegi we onda ýetmezçiligi bolan bäbekleriň, ýaş çagalaryň keseli) we rewmatizmden ejir çekip, bütin ömrüni fiziki güýjüni ýokarlandyrmaga bagyşlady. Kakasy ony gimnastika we bedenterbiýe, şeýle hem jiu-jitsu we boks ýaly söweş sungatlary bilen tanyşdyrdy. Ol 14 ýaşyndaka, ideal ölçegli ýigide öwrüldi.
29 ýaşynda Angliýa işe gitdi, professional boks bilen meşgullandy, boksçylary taýýarlady we polisiýa işgärlerine özüni goramagy öwretdi. Birinji jahan urşy başlanda, asly nemes Pilates emigrant bolany üçin iňlis hökümeti tarapyndan zorluk bilen Men adasyna göçürildi. Mejbury hereketsizlik döwründe Pilates esgerlere şikeslerden we ýaralardan soň dikelmegine kömek edip, düşünjelerini we tejribesini belli bir usulda jemlemek boýunça dolandyryş (kontrologiýa) diýlip atlandyrylýan işine başlady.
Takmynan 1925-nji ýylda Pilates ABŞ-a göçdi we Nýu-Ýorkda şäher balet merkeziniň binasynda studiýa döretdi. Balet tansçylary onuň sapaklaryna gatnaşyp başladylar we täze ulgamyň kuwwatly güýjüni ilkinji bolup duýdular.
Pilates, adam organiziminde bedeniň, aňyň we ruhuň arasyndaky deňsizlikden ýüze çykyp biljek kesellerden saplanmak üçin öz serişdeleriň bardygyna ynanýardy. Deňagramlylygy dikeltmek we bedeniňizi aňyňyz bilen dolandyrmak onuň kontrologiýasynyň esasy maksadydy. “Kontrologiýa” ulgamynyň asyl ady soň oýlap tapyjynyň ady bilen çalşyryldy.
Jozef Pilates ömründe köp hünäri synap gördi, sirkde işledi, fiziki ösüş studiýasyny dolandyrdy we kitap ýazdy. Şeýle-de bolsa, özüni tälim beriji hökmünde meşhurlyk gazandy. Onuň oýlap tapan usuly, iş ýüzünde netijeliligini görkezdi. Pilates garrylyk döwründe suratkeşler üçin surata düşdi, bu bolsa bedeniniň ömrüniň dowamynda ideal bolandygyny görkezýär.
“Pilates” takmynan ýüz ýyl bäri reabilitasiýa fitnesiniň bir görnüşi hökmünde kämilleşdirilip, giň meşhurlyga eýe boldy. Işjeň durmuş ýörelgesi bolan sportçynyň döreden ulgamy, ilki özüne, soň bolsa millionlarça adama saglygyny dikeltmäge kömek etdi. Häzirki wagtda “Pilates” ulgamy, köp asyrlyk taryhyna garamazdan, bütin dünýäde meşhur we peýdaly bedenterbiýe görnüşi bolup galýar.
Josef Pilates ölýänçä gelşikli görnüşinde galdy we ýaşyndan has ýaş görünýärdi. Ol ýangyn heläkçiliginde 83 ýaşynda aradan çykdy.
Köp sanly lukmançylyk barlaglary Pilates ulgamynyň hakykatdan hem täsirlidigini görkezdi. Bu usul arka we bogun agyrysyndan dynmaga kömek edýär, oňurga şikeslerini bejermäge ýardam berýär. Osteoporoz we osteoartrit, kelle agyrysy we stres bilen göreşmekde örän täsirlidir. Jozef Pilatesiň özi, bu usuly ulanyp, on türgenleşikden soň islendik adamyň özüni has gowy duýup başlaýandygyny öňe sürdi. Ýigrimi türgenleşikden soň daşky görnüşiňiz üýtgeýär, durşuňyz we ýöreýşiňiz hem gowulaşýar. Eýýäm otuz türgenleşikden soň adam düýbünden täze beden görnüşini alýar we akylyny we duýgularyny dolandyrýar.
ORIENT news