Iň täze habarlar

Eger-de her gün bäş müň ädim ätseňiz…

03.12.2023 | 04:35 |
 Eger-de her gün bäş müň ädim ätseňiz…

Eger-de her gün bäş müň ädim ätseňiz näme bolar? Bu barada Tengri Life materialynda gürrüň berilýär.

Her gün pyýada gezelenç etmek ýaly, ýönekeý, ýöne möhüm endik adam bedenine oňaýly täsir edýär.

Birinjiden her gün ädilen 5 müň ädim beden ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam berýär. Bu işjeňligiň artmagy bilen gan aýlanyşygyň gowulanýandygy, ýüregiň we öýkeniň işiniň kadalaşýandygy bilen düşündirilýär. Mundan başga-da, ýürek-damar keselleri bilen kesellemegiň töwekgelçiligi peselýär, bedeniň myşsalary berkeýär.

Şeýle hem fiziki işjeňlik adamyň psihiki ýagdaýyna oňyn täsir edýär. Uzak bolmadyk gezelençler hem endorfinleriň—bagt gormonlarynyň işlenip çykmagyny çaltlandyrýar. Şeýlelikde, geçilen bäş müň ädim göwünçökgünligine garşy serişde bolup we keýpiňi galdyryp biler.

Üçünjiden pyýada gezelençler ýadawlygy aýyrmaga, paýhasyňy durlamaga we täze wezipeler üçin güýç toplamaga ýardam berýär. Şeýle hem yzygiderli gezelençler adamyň ünsüni jemlemegine oňyn täsir edýär we döredijilik kuwwatyny artdyrýar.

Her gün bäş müň ädim gezelenç etmek yzygiderli we uzak gezelençleri amala aşyrmak endigini edinmek üçin ajaýyp başlangyç bolup biler. Uly adamlar üçin bir günde 7-10 müň ädim ätmek maslahat berilýär.

ORIENT news

Foto: 34poliklinika.by

Şeýle hem okaň: