Iň täze habarlar

Gyrgyzystanyň parlamenti ýurduň baýdagyny üýtgetmek baradaky taslamasyny kabul etdi

29.11.2023 | 20:22 |
 Gyrgyzystanyň parlamenti ýurduň baýdagyny üýtgetmek baradaky taslamasyny kabul etdi

Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşi ýurduň baýdagyny üýtgetmek hakyndaky Kanun taslamasyny kabul etdi diýip, respublikanyň parlamentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Resminamanyň kabul edilmegi üçin 66 deputat ses berdi, 8 deputat garşy çykdy.

Bu Kanun taslamasy Gyrgyzystanyň döwlet baýdagyna üýtgetmeleri girizmegi göz öňünde tutýar. Hususan-da, tundugyň (ak öýüň tüýnüginiň) töweregindäki tolkun şekilli şöhleleri göni şöhlelere üýtgetmek teklip edilýär.

Kanun taslamasyny öňe sürenleriň aýtmagyna görä, tolkun şekilli şöhleler ýurduň esasy oba hojalyk önümi bolmaýan günebakary ýada salýar. Öz nobatynda göni şöhleler gün şöhlesine has ýakyndyr. Gyrgyzystanyň baýdagyndaky gün şöhleleriniň şekil taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin baýdagy başlangyç tapgyrda işläp taýýarlan, matematika hasaplamalaryny geçiren, çyzgylary çyzan awtorlar çagyryldy.

ORIENT news

Foto: limon.kg

Şeýle hem okaň: