Iň täze habarlar

Türkmenistan we Hytaý howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

22.11.2023 | 21:03 |
 Türkmenistan we Hytaý howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Duşuşyk sişenbe güni, 21-nji noýabrda kiçi komitetiň başlyklarynyň, iki ýurduň hem Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary Wepa Hajiýew we Ma Çžaosýunyň ýolbaşçylygynda geçirildi.

Diplomatlar söhbetdeşlikde soňky ýyllarda ýurtlaryň arasynda gazanylan aç-açanlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesini bellediler. Şeýle hem söhbetdeşler kiçi komitetiň öňki mejlisinde gazanylan şertnamalaryň çäginde özara gatnaşyklaryň netijelerine konstruktiw baha berdiler we howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara toparynyň Howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekdiler.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň DIM

Şeýle hem okaň: