Aýurweda güni 2023: umumy sagdynlygy we abadançylygy baýram edip
06.11.2023 | 15:34 |Aýurweda bu Hndistanda asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelinýän däp bolan lukmançylyk ulgamydyr. Dünýäde iň gadymy bejerijilik toplumy bolan aýurwedanyň bedeniň, akylyň we ruhuň arasyndaky sazlaşygy emele getirmäge, adamyň umumy saglyk ýagdaýyna ägirt uly täsirini ýetirýändigi baradaky düşünjä berk ynanylýar. Aýurweda bu sazlaşyga tebigy serişdeleriň, iýmit diýetasynyň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň we dermanlyk ösümlikleriň esasynda ýetmäge ýardam edýär. Ol “pançakarmas” diýlip atlandyrylýan lukmançylyk usulynyň üsti bilen bedende toplanan zäherleýji maddalardan we möwsümleýin kesellerden doly saplanmagy üpjün edýär.
Aýurwedanyň ägirt uly peýdasyny göz öňünde tutup, Hindistanyň Hökümeti bu görnüşli lukmançylygyň ösdürilmegi üçin degişli çäreleri geçirdi. Munuň üçin “AYUSH” atly ýörite ministrlik döredilip, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly aýurweda lukmançylygy boýunça ylmy-barlaglary geçirmek işleri giňeldilýär. Milli Aýurweda missiýasy emele getirilip, onuň çäklerinde 8000-den gowrak saglyk we abadançylyk merkezleri hereket edýär. Hindistanyň Gujarat ştatynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ilkinji Global merkezi dörediler. Ol däp bolan derman serişdeleriniň eleýeterlilgini, netijeliligini we howpsuzlygyny, şeýle hem halk bejerijilik usullarynyň, şol sanda aýurwedanyň sazlaşygyny üpjün etmekde iş alyp barar. Şu ýylyň awgust aýynda BSGG we Hindistan bilelikde Gujarat ştatynyň Gandhinagar şäherinde däp bolan lukmançylyk boýunça 1-nji Ählumumy sammitini geçirdi. Sammit Gujarat Jarnamasynyň kabul edilmegi bilen tamamlandy. Ol esaslandyrylan maglumatlaryň esasynda däp bolan goşmaça lukmançylygy saglygy goraýyş ulgamynyň meselelerini çözmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde utgaşykly ösdürmegi göz öňünde tutýar.
Şu ýyl Hindistanyň Hökümetiniň ýurtda bu görnüşli bejergi işlerini almak isleýänler üçin “AYUSH wizasy” atly ýörite wiza düzgünnamasyny girizmegi bejerişiň bu usulyndan peýdalanmak isleýänler üçin uly mümkinçilik boldy. Daşary ýurt raýatlary bu wiza arkaly dünýä derejeli aýurwedik institutlarda, şol sanda Nýu-Delidäki Bütinhindi aýurweda institutynda, Jaýpurdaky Milli aýurweda institutynda we Jamnagardaky Aýurwedany öwreniş we ylmy-barlaglar institutynda bejergi alyp bilerler. Men türkmenistanlylara täze girizilen wiza mümkinçliklerinden peýdalanmaga çagyrýaryn. Şeýle hem, Medeni gatnaşyklar boýunça hindi geňeşi “AYUSH” maksatnamasy arkaly daşary ýurtly ýaşlara talyp hakly okuwlary hödürläp gelýär. Gyzyklanma bildirýän dalaşgärler bakalawr, magistratura we doktorantura maksatnamalary boýunça Hindistandaky ýokary okuw mekdeplerinde dürli ugurlarda bilim almaga mümkinçilik alýarlar. Bu bilim maksatnamasy dalaşgärleriň ähli çykdajylaryny öz içine alyp, ondan her bir adam peýdalanyp biler.
Aýurwedanyň aýratynlyklaryny açyp görkezmek we dünýäde wagyz etmek üçin Hindistanyň Hökümeti her ýyl Aýurweda gününi belläp geçýär. 2023-nji ýylda bellenjek nobatdaky 8-nji Aýurweda gününde baýramçylyk we sagaldyş çäreleri “Aýurweda umumy sagdynlyk üçin” şygary astynda geçiriler. Bu özünde “Wasudhaýwa Kutumbakam” (Dünýä – bir maşgala) düşünjesine hem laýyk gelýär. Bu “Uly 20-likde” başlyklyk edýän Hindistanyň şygarydyr. Bu gezekki Aýurweda gününde Hindistanyň Hökümeti diňe bir adamlaryň saglygyny goramak bilen bagly çäreleri geçirmek bilen çäklenmän, şol bir wagtda oba hojalygyny we azyk önümleriniň howpsuzlygy arkaly daşky gurşawyň, ösümlikleriň we janly-jandarlaryň abadançylygyna hem üns berer. Hindistanda bu güne gabatlanyp, sergiler, lukmançylyk çäreleri, ylmy-barlaglaryň tanyşdyrylyş çäreleri hem-de beýlekiler geçiriler.
Aýurweda Türkmenistanda:
Türkmenistan aýurwedany resmi lukmançylyk ulgamy hökmünde ykrar eden döwletleriň biridir. Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň 2015-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde Ýoga we däp bolan lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda iki ýurduň arasynda Ähtnama baglaşyldy. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde, Aşgabat şäherindäki “Bagtyýarlyk” sport toplumynyň binýadynda Merkezi Aziýa sebitindäki ilkinji Ýoga we däp bolan lukmançylyk merkezi açyldy. Bu merkezde aýurweda boýunça hindi bilermeni bellenip, ol şol bir wagtda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde talyplara sapak berýär hem-de ilat üçin aýurweda boýunça mugt geňeşmeleri berýär. Biz geljekde aýurweda boýunça geçirýän çärelerimizi Türkmenistanyň beýleki ähli sebitlerinde okuw sapaklary, geňeşmeleri, sergileri guramak arkaly onuň işini has-da giňeltmegi göz öňünde tutýarys.
Sözümi jemläp aýtsam, Türkmenistanyň ähli raýatlaryny Aýurweda gününe gatnaşmaga we bu bejeriş usulynyň sazlaşykly durmuş ýörelgelerini hem-de sagdynlyk eçilýän aýratynlyklaryny ýakyndan duýmaga çagyrýaryn.
Doktor Widhu Nair,
Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.