Aşgabatda Tatarystanyň Medeniýet günleri başlady, medeni estafetany Mary kabul edýär
18.10.2023 | 01:37 |17-nji oktýabrda, sişenbe güni Aşgabatda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy. Açylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirildi. Tatarstanyň ÝUNESKO-nyň sanawyndaky ýerleriniň surat sergisi açyldy we respublikanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.
Agşamyň myhmanlaryna amaly-haşam sungatynyň sergileri, ýadygärlik sowgatlary we Tatarystanyň öňdebaryjy halk sungat we senetçilik ussatlarynyň aýratyn özboluşly eserleri hem hödürlendi.
Çarşenbe güni, 18-nji oktýabrda medeni estafetany Mary şäheri alar - Kemine adyndaky welaýatyň döwlet drama teatrynda tomaşaçylara Tatarystanyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsert geçiriler.
Şu gün irden Aşgabatda, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Halk döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek” atly tegelek stol geçirilýär.
Şeýle hem, Medeniýet günleriniň çäginde Aşgabat kinoteatrynda “Ibn Fadlan”, “Tarlan”, “Isanmesez” tatar filmleriniň görkezilişi geçiriler.
Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň solistleriniň we döredijilik toparlarynyň çykyş etjek dostluk konserti bilen tamamlanar.
ORIENT news