Uzakdaky Murmansk şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni sergisi açyldy
17.10.2023 | 19:53 |Merkezi Aziýa ýurtlarynyň taryhy, medeniýeti we edebiýaty barada gürrüň berýän toplumlaýyn sergi Russiýanyň Murmansk oblastynyň W.P.Mahaýew adyndaky Çagalar we ýetginjekler kitaphanasynyň ülkäni öwreniş muzeýinde guraldy. Onda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň halklarynyň özboluşly medeniýeti, el işleri we milli gymmatlyklary sergilenýär diýip, Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi habar berýär.
"Gündogaryň täsin paýhasy, gök gümmezli metjitler, pagta meýdanlary, çäksiz sähralyklar, başy dumanly daglar, gadymy şäherler we galalar - bularyň ählisi baradaky maglumatlary sergide hödürlenen kitaplardan almak bolýar" diýlip, habar bellenýär.
Serginiň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň önümlerini, milli lybaslary, öý hojalyk harytlary we Merkezi Aziýa halklarynyň şahyrlarynyň eserleri bilen tanyşmak bolýar.
Sergä ýerli wagt bilen 13:00-dan 21:00-a çenli baryp, Merkezi Aziýa halklarynyň medeniýeti bilen giňişleýin tanyşmak bolýar.
ORIENT news