Iň täze habarlar

Bakuwda türkmen sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy bellendi

16.10.2023 | 19:49 |
 Bakuwda türkmen sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy bellendi

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) şu ýyl 30 ýyllygyny belleýär. Almatyda, Bişkekde, Daşkentde, Aşgabatda we Bakuwda guramanyň ýubileýine bagyşlanan baýramçylyk agşamy geçirildi.

Azernews habarlar gullugynyň habaryna görä, Geýdar merkezinde TÜRKSOY-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan gala konserti geçirildi, bu çärede Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň gutlagy okaldy we TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltan Raýew çykyş etdi.

“Bu ýyl, TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli, umumy ruhy dünýämiz bolan türki dünýäsiniň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny görkezýän birnäçe çäreler geçirilýär. Otuz ýyl bäri hemişe bilelikde, bu şöhratly ýoldan gitjekdigimizi bütin dünýä görkezdik. XXI asyr türki dünýäsiniň asyry "- diýip, Raýew belledi.

Çäre Azerbaýjanyň we Türkiýeden, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan gelen aýdymçylaryň, aýdym-saz toparlarynyň we tans ansambllarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Çärä gatnaşyjylar, Geýdar Aliýew merkezinde TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar.

Türk dünýäsiniň ÝUNESKO-sy diýlip atlandyrylýan Türki medeniýetiň halkara guramasy, 1993-nji ýylda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň medeniýet ministrleri tarapyndan taýýarlanan ylalaşyga gol çekilenden soň döredildi.

ORIENT news

Foto: azernews.az

Şeýle hem okaň: