Iň täze habarlar

RT teleýaýlymy türkmen halylary barada dokumental film düşürdi

17.10.2023 | 15:03 |
 RT teleýaýlymy türkmen halylary barada dokumental film düşürdi

“Russia Today” halkara teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwalyň çäklerinde türkmen halylary barada düşüren dokumental filmini tomaşaçylara hödürledi. Bu barada döredijilik toparynyň ýolbaşçysy türkmen metbugtyna beren söhbetdeşliginde mälim edýär.

Nokunaýteniň mälim etmegine görä, halkara teleýaýlymy dürli dillerde özüçniň gepleşiklerini tomaşaçylara hödürlýär. Indi dünýäniň dürli künjeklerindäki millionlarça tomaşaçy gaýtalanmajak medeni gymmatlyk bolan türkmen halysynyň taryhy bilen tanşyp bilerler. Filmiň kadrlarynda häzirki wagtda işleýän hünärmenler we alymlar, şol sanda halyçy zenanlar görkezilýär.

Şu ýylyň aprel aýynda “RT Documentary” döredijilik toparynyň ahalteke atlaryna we türkmen halylaryna bagyşlap film düşürjekdigini mälim edipdi. Şonda halkara teleýaýlymynyň wekilleri Türkmenistanyň Döwlet sirkinde bolup, “Galkynyş” at üstündäki milli oýunlar toparynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, RT – iň iri halkara teleýaýlymlarynyň biridir. Onuň tomaşaçylarynyň sany hepdede 100 million tomaşaçydan geçýär. Ol öz gepleşiklerini rus, iňlis, arap, span, nemes we fransuz dillerinde ýaýlyma berýär.

ORIENT news

Foto: arabnews.com

Şeýle hem okaň: