Aşgabatda Halkara teatr festiwaly geçiriler
16.10.2023 | 15:05 |14-16-njy noýabrda Aşgabatda 4-nji Halkara teatr festiwaly geçiriler. G.Kamala adyndaky Tatarystanyň döwlet akademiki teatry bu festiwala gatnaşjakdygyny tassyklady diýip, Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsullygy mälim edýär.
Ýeri gelende bellesek, Aşgabatda 3-nji Halkara teatr festiwaly 4 ýyl mundan ozal, ýagny 2019-njy ýylyň noýabrynda geçirilipdi. Oňa 12 ýurtdan, şol sanda ABŞ-dan, Russiýadan, Estoniýadan, Tükiýeden, Eýrandan teatr artistleri gatnaşypdylar. Halkara festiwalyň çäklerinde daşary ýurty artsistleriň ussatlyk sapaklary hem guraldy.
Aşgabatda geçiriljek nobatdaky festiwalda G.Kamala adyndaky Tatarystanyň döwlet akademiki teatry “Gelmişek” atly sahna oýnuny görkezer. Ol Beýik Watançylyk urşundan soň, Kanadada täze durmuşa başlan we soňra Watanyna dolanmagy bilen bagly tatarystanlynyň başdan geçirenleri barada gürrüň berýär. Ýöne yzyňa dolanyp gelnendäki durmuş öňküsi ýaly bolmaýar.
Aşgabatda geçiriljek nobatdaky sergi milli teatr sungatyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berer.
ORIENT news