Iň täze habarlar

“Aşgabatda” gysga filmleriň görkezilişine TRT teleýaýlymynyň wekiliýeti gatnaşdy

16.10.2023 | 06:57 |
 “Aşgabatda” gysga filmleriň görkezilişine TRT teleýaýlymynyň wekiliýeti gatnaşdy

Türkiýäniň TRT teleradiokompaniýasynyň wekiliýeti ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bilen birlikde “Aşgabat” kinoteatrynda görkezilen gysga gowrümli dokumental filmleriň görkzilişine gatnaşdy.

Film görkezilişiniň öňüsyrasynda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary, TRT teleýaýlymynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy hem-de Türkmenistandaky şahamçasynyň başlygy çykyş etdiler diýip, “ORIENT-iň” habarçysy mälim etdi.

Çykyş edenler türkmen-türk medeni gatnaşyklaryny ösdürmegiň ähmiýetini nygtadylar. Şunda degişli kanunçylyk-hukuk esaslarynyň döredilmegine aýrtyn orun degişlidir. Bu çärä ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Onda TRT teleýaýlymynyň Türkmenistanda alyp barýan işleri, taryhy ýadygärlikleri barada taýýarlan gysga göwrümli dokumental filmleriniň görkezilişi boldy.

Myhmanlaryň hormatyna bu ýerde furşet stoly bezeldi. Türkiýäniň wekiliýeti Arkadag şäherinde geçirilen halkara kinofestiwala gatnaşmak üçin ýurdumyzda saparda bolýar.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: