Türkmen wekiliýeti 9-njy oktýabrdan 13-nji oktýabr aralygynda Gruziýanyň Tbilisi şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa üçin terrorçylyga garşy irki duýduryş torunyň çäginde sebitleýin konferensiýa gatnaşýar.
Bu çäräniň maksady, hukuk goraýjy edaralaryň, howpsuzlyk edaralarynyň we beýleki ygtyýarly guramalaryň, bilermenleriň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy giňeltmekdir. Konferensiýa, terrorçylyga garşy göreşde sebit mehanizmlerini güýçlendirmek, mümkinçilikleri artdyrmak we Owganystandan gelip çykýan kynçylyklara we howpsuzlyk howplaryna ýeterlik derejede jogap bermek üçin terrorçylyga garşy täsirli strategiýalary we çäreleri işläp düzmekdir. Çärä gatnaşyjylar sebit derejesinde irki duýduryş torunyň işi üçin mundan beýläkki ädimleri hem ara alyp maslahatlaşýarlar.

Tbilisidäki bilermenler forumy, ozal iýul aýynda BMG-nyň Terrorçylyga garşy göreş gullugy (UNOCT) bilen Merkezi Aziýanyň bäş paýtagtda milli formatda birnäçe maslahat geçiren, BMG-nyň Merkezi Aziýanyň Öňüni alyş diplomatiýa merkezi (UNRCCA) tarapyndan çagyryldy. Bu çäreleriň 100-den gowrak gatnaşyjysy Merkezi Aziýada Irki duýduryş torunyň işini mundan beýläk-de ýola goýmak boýunça bilelikdäki çäreleri güýçlendirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Häzirki konferensiýa terrorçylyga garşy göreşde işleýän bölümleriň, milli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem strategiki gözlegler üçin milli institutlaryň wekilleri, şol sanda, Türkmenistandan ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň Strategiki gözleg merkezi gatnaşýar.

Analitik çekişmeler başlamazdan ozal irki duýduryş torunyň milli bölekleriň terrorçylyga garşy göreş ugrundaky işleriniň netijeleri barada çykyşlar geçirildi we Owganystandaky ýagdaýyň häzirki depginine syn berildi.
Hasabat çykyşlaryndan, maglumat alyşmak we ara alyp maslahatlaşmakdan başga-da, konferensiýa töwekgelçiliklere we howplara baha bermek bilen belli bir ssenariý boýunça toparlarda iş alyp barýar.

Bu çäre, «BMG-nyň Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy global strategiýasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegine tarap - IV tapgyr» taslamasynyň bir bölegidir. Bu ýerde 2010-njy ýylda işe başlaly bäri we durmuşa geçirmegiň üç tapgyrynda BMG-nyň Terrorçylyga garşy strategiýasyny sebitde durmuşa geçirmekde möhüm öňegidişlikleriň bardygyny bellemek gerek. Taslamanyň birinji tapgyrynyň esasy netijesi, BMG-nyň sebitde terrorçylyga garşy global strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin Bilelikdäki hereket meýilnamasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan tassyklanmagy boldy. Ol tassyklanylanda, dünýädäki ilkinji sebit meýilnamasydy.
Taslamanyň indiki tapgyrlarynda Merkezi Aziýa döwletlerine terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş, serhet howpsuzlygy, internetden peýdalanmak, kiberhowpsuzlyk we zorlukly ekstremizmiň öňüni almakda metbugat we dini ýolbaşçylaryň orny ýaly tehniki kömek berildi.

Owganystanyň Merkezi Aziýanyň howpsuzlyk binagärliginiň ähmiýetini göz öňünde tutup, Owganystanyň wekilleri taslamanyň üç tapgyrynda çärelere gatnaşdylar. Çäreleriň dowamynda olar bilimlerini artdyryp, zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy göreş boýunça Merkezi Aziýanyň kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar. Talybanlaryň 2021-nji ýylyň tomsunda häkimiýete gelmeginden soň, owgan wekilleriniň gatnaşmagy togtadyldy.
Täze hakykatlary göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň dekabrynda başlanan taslamanyň dördünji tapgyry, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, esasanam Owganystandan gelip çykýan töwekgelçilikleri azaltmak maksady bilen serhet dolandyryş pudagynda hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy has-da güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Irki duýduryş tory barada aýdylanda bolsa, onuň üç sany aýratyn maksady bar. Birinjisi, hukuk goraýjy edaralaryň arasynda, şol sanda Owganystan barada maglumat alyş-çalşygy ýoly bilen hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy ösdürmek. Ikinjisi, milli we sebit derejesinde hukuk goraýjy edaralaryň, howpsuzlyk guramalarynyň, gümrük we serhet gullugynyň Owganystandan ýüze çykýan kynçylyklara we howpsuzlyk howplaryna ýeterlik derejede garşy göreşmek üçin täsirli strategiýalary we çäreleri işläp düzmek üçin mümkinçiliklerini artdyrmakdyr.
Üçünji maksat, terrorçylyga garşy göreşmek we Merkezi Aziýa döwletleriniň hukuk goraýjy edaralary, howpsuzlyk edaralary, gümrük we serhet gullugy üçin iň oňat tejribelere, usulyýetlere we çemeleşmelere elýeterliligi üpjün etmek.
ORIENT news
