Iň täze habarlar

Türkmenistan 4-nji iýulda ŞHG sammitine başlyklyklyk ediji - Hindistanyň myhmany hökmünde çagyryldy

30.05.2023 | 20:54 |
 Türkmenistan 4-nji iýulda ŞHG sammitine başlyklyklyk ediji - Hindistanyň myhmany hökmünde çagyryldy

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna ilkinji gezek başlyklyk etmeginiň çäginde Hindistan 4-nji iýulda premýer-ministr Narendra Modiniň ýolbaşçylygynda ŞHG- niň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň 22-nji sammitini geçirer - diýip, UNI habarlar agentligi habar berýär.

Sammite gatnaşmak üçin ŞHG-ä agza ýurtlaryň ählisi, ýagny Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan we Özbegistan çagyryldy. Habarda Eýran, Belarus we Mongoliýa synçy döwletler hökmünde çagyrylýar diýilýär.

ŞHG-niň däbine laýyklykda, Türkmenistan hem başlygyň myhmany hökmünde çagyryldy.

BMG, АСЕАН, GDA, CSTO, EAEU we CICA ýaly alty halkara we sebit guramasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşar.

Sammitiň mowzugy "HOWPSUZ ŞHG-a tarap" - Towards a SECURE SCO.

SECURE gysgaltmasy howpsuzlyk, ykdysadyýet, baglanyşyk, agzybirlik, hormat, ekologiýa diýen manyny aňladýar.

Hindistan ŞHG-nyň başlyklygyny 2022-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Samarkand sammitinde kabul etdi.

ORIENT news

Foto: uniindia.com

Şeýle hem okaň: