Iň täze habarlar

BelTA: GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň nyşany we tumary tassyklandy

14.03.2023 | 12:52 |
 BelTA: GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň nyşany we tumary tassyklandy
 BelTA: GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň nyşany we tumary tassyklandy

Belarusda GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynyň nyşanyny we tumaryny tassykladylar, bu oýunlary Respublika 2023-nji ýylyň 3-nji awgustyndan 15-nji awgusynta çenli kabul eder.

Degişli karar Belarusda halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmegi we geçirmegi üpjün etmek boýunça guramaçylyk komitetiniň ýygnagynda kabul edildi - diýip, BelTA habar berýär.

Nyşan Belarus üçin häsiýetli elementleriň birnäçesini - myhmansöýerligiň we dostlugyň nyşany bolan ýagty daşkekrä gülleýän nagyşly sekizburçluk ýyldyzy şöhlelendirýär.

«Sekizburçluk ýyldyzyň uly mifologik çuňlugy bar, daşkekre bolsa Belarusyň resmi däl nyşanlarynyň biridir. Biziň nyşany dinamiki äheňleşdirmegimizde daşkekre milli güljagaz bolup çykyş edýär» - diýip, Belarysyň MOK-niň marketing bölüminiň baştutany Witaliý Ostrowskiý belledi.

Oýunlar «Güýçli häsiýet—aýdyň oýun!» şygary astynda geçer, ol ýaryşlaryň esasy maksadyny düzýär.

Oýunlaryň tumary hökmünde Rysýa atly belorus ýabany pişigi saýlanyp alyndy. Hut ol sport tumaryna gabat gelýän häsiýetlere – ykjamlyga, çalasynlyga, ýiti akyla eýedir.

ORIENT habarlar

Foto: BelTA

Şeýle hem okaň: