Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat komitetiniň muzeý işgärleri bilen bilelikde gurnan sergisi geçirildi. Sergi Türkmenistanda şu ýylyň "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" atly şygaryna bagyşlanýar we taryhy gymmatlyk bolan arheologik tapyndylary, arhiw resminamalaryny we suratlaryny, şeýle hem ýurduň häzirkizaman üstünliklerini, şol sanda maryly türgenleriň sport äleminde ýeten sepgitlerini öz üçine alýar.

Ýaşuly we ýaş nesilleriň wekilleri serginiň ilkinji myhmanlary boldy, oňa zähmet weteranlary, medeniýet ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, mekdep okuwçylary, ýerli ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplary, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Sergini gurnaýjylar tarapyndan, ýaşlaryň bilmeli we buýsanmaly mirasy hökmünde, gadymy Merwde we Gonur-Depe şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologiki tapyndylara, şol sanda bürünç we keramiki gap-gaçlara, şaý-seplere, amaly-haşam sungat eserlerine esasy orun berlipdir.

Artur PETROSYANS
