Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Gadymy hytaý siwilizasiýasy “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly täze oýnuň temasy bolar

10.01.2023|02:57|
2714
gadymy-hytay-siwilizasiyasy-parahatcylygyn-yas-caparlary-atly-taze-oynun-temasy-bolar

Sişenbe güni, 10-njy ýanwarda ýokary synp okuwçylary üçin “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas oýnuna badalga berler. Okuwçylar “Gadymy hytaý siwilizasiýasy: gadymy medeniýetiň birleşdiriji güýji” diýen temada bilimleri boýunça bäsleşerler.

Munuň özi 2022-2023-nji okuw ýylynyň 2-nji möwsüminiň ikinji oýny bolar. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi bäsleşigi geçirmek başlangyjy bilen çykyş edýär we onuň guramaçysydyr hem-de bäsleşik 2021-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär.

Okuwçylar Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň saýtynda akyl-paýhas bäsleşigine taýýarlyk görüp hem-de tema boýunça bilimlerini barlap görüp bilerler.

Möwsümiň ilkinji oýnunyň 2022-nji ýylyň noýabrynda geçirilendigini we “Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň ösen ýörelgeleri” diýen tema bagyşlanandygyny ýatlamak ýerlikli bolar.

ORIENT news