Iň täze habarlar

Çapar goşundysynda TUT öndürijisiniň 19 litrlik suwly gaplary sargyt etme hyzmaty peýda boldy

24.10.2022 | 21:45 |
 Çapar goşundysynda TUT öndürijisiniň 19 litrlik suwly gaplary sargyt etme hyzmaty peýda boldy

Köpugurly Çapar programmasy gündelik hysyrdyly meseleleri çözmegi has-da aňsatlaşdyryp biljek birnäçe täze funksiýalar hem gowulandyrmalar bilen üsti ýetirildi.

Goşunda TUT öndürijisinden 19 litr arassalanan agyz suwuny sargyt etmek hyzmaty goşuldy. Ýörite menýu arkaly zerur bolan gaplaryň mukdaryny saýlap bolýar we operatorlara jaň etmegiň zerurlygyny ýatdan çykaryp, suwuň eltilmegine garaşybermeli bolýar.

Töleg geçirmegiň sanawlaryna jemagat hyzmatlarynyň tölegleri boýunça gaz üçin onlaýn tölegleriň funksiýasy goşuldy. Töleg tölemek üçin ulanyjy abonent belgisini, ýaşaýan ýeriniň salgysyny we hasaplaýjynyň görkezijisini — ozalkyny we täzesini görkezmeli. Jemi mukdar awtomatiki usulda hasaplanýar.

Iň soňky täzelenme hyzmatlar üçin Rysgal bank kartasyny ulanyp, tölemegi hem öz içine alýar.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy «Туркменпочта» tarapyndan işlenip taýýarlanan Çapar goşundysy hyzmatlar we beýleki serwisler üçin köpugurly serişde bolup durýar, olar yzygiderli täzelenip duruljakdyr.

Bu goşundyny kömegi bilen çapary çagyrmak, iberilen zatlary gözegçilikde saklamak, polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerimelerini tölemek, ykjam hem öý telefonyň, internetiň hem IPTV-niň balansyny doldurmak, şeýle hem içerki uçar gatnawlaryna hem demir ýol otlularyna biletleri satyn almak bolýar.

Çapar goşundysy ykjam telefonlarda aşakda görkezilen platformalarda elýeterlidir:
Android we iOS.

«Türkmenpoçta». Tiz hem ygtybarly!

ORIENT news
Surat: water58.ru

Şeýle hem okaň: