Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

"Türkmennebit" Hytaý kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrar

25.06.2022|19:18|
2883
turkmennebit-hytay-kompaniyasy-bilen-hyzmatdaslykda-guyularyn-ondurijiligini-yokarlandyrar

"Türkmennebit" döwlet konserni Hytaýyň nebit-himiýa korporasiýasynyň garamagyndaky Halkara nebit hyzmaty kompaniýasy bilen döwlet konserniniň guýularynyň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça iş alyp barmak üçin şertnama baglaşar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bu barada Karara gol çekdi – diýir, resmi türkmen metbugaty ýazýar.

Bu şertnama Türkmenistanda nebit önümçiligini ýokarlandyrmak üçin öňdebaryjy tejribäniň we täze tehnologiýalaryň pudaga çekilmegini üpjün etmeli.

ORIENT news