2022-nji ýylyň 23-24-nji maýynda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Ykdysady we daşky gurşaw forumynyň 2-nji taýýarlyk ýygangynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portynyň we ÝHHG-niň ýanyndaky delegasiýamyzyň wekilleri «Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary» temasy boýunça beýannama bilen çykyş etdi.

Beýannamada Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlygyň wajyplygy bellenildi. Hazar deňziniň köp sanly söwda ýollaryň çatrygynda ýerleşmegi we Türkmenbaşy halkara portyň amatly ulag merkezi hökmündäki wajyp roly, ýaşyl we sanly söwdany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada beýanat etdi. Häzirki wagtda Türkmenbaşy portynyň amatly ulag merkezi hökmünde hyzmat etmegi bilen, “ýaşyl” portlary, ulag we logistika akymlarynyň birikdirilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýandygyny nygtady. Türkmenbaşy portunyň esasy ýörelgeleri, häzirki daşky gurşaw kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmegi we bitewi sanly platforma geçmek arkaly halkara ülňilerine esaslanýan sanly tehnologiýalar bilen üpjin edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada beýanat berdi.

Şeýle-de, Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky delegasiýasy ýygnagyň jemleýji sessiýasynda çykyş edip, Türkmenistanyň energiýa-transport ulgamlaryny goramaga, gaýtadan dikeldilýän we durnukly energiýa çeşmelerini ýokarlandyrmaga we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berýändigini, energiýa howpsuzlygy pudagynda gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýandygy nygtaldy. Türkmenistan ýaşyl portlary we transport aragatnaşygyny ösdürmekde, şeýle hem energiýa pudagynda aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan güýçlendirilmeginde ÝHHG bilen amaly hyzmatdaşlyga bil baglaýangy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti soňky ýyllarda Türkmenbaşy portunyň Halkara portlaryň sanly birikmäge taýynlygyna baha bermek üçin hem-de ÝHHG-niň taslamasynyň iş toparynyň ýygnaklaryna işjeň gatnaşandygyny aýtdy.
Ýygnaga gatnaşyjylara Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda energiýa howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamlary we suw dolandyryşy temalaryň galýandygy, bu bellenilenler bolsa BMG-niň durnukly ösüş maksatnamasynyň möhüm bölekleri bolup durýandygy barada habar berildi. Türkmenistan ÝHHG sebitinde durnukly aragatnaşygy ösdürmäge gönükdirilen çäreleri goldaýandygy we ýurduň iri halkara we sebitleýin transport we aragatnaşyk taslamalaryna başlamak bilen ulag mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrýandygy nygtalyp geçildi.
ORIENT news
