Aşgabatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşygy boldy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmenistanlylary Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlap, paýtagtyň binagärlik keşbiniň gözelleşendigini aýratyn nygtady.
Gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri «Ak şäherim Aşgabat» atly ýubileý halkara forumynyň geçirilýän günlerinde köp ýyllyk hyzmatdaşyny kabul edýändigine şatdygyny aýtdy hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda türk holdinginiň ýolbaşçysy kompaniýanyň alyp barýan işleriniň netijeleri barada jikme-jik habar berdi we Türkmenistanda döredilen amatly maýa goýum şertleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn belledi. Häzirki wagtda Hazar deňziniň kenarynda sebitde iň iri döwrebap utgaşykly dolanyşykda elektrik stansiýasynyň, şeýle hem alkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygy batly depginde dowam edýär.
«Çalyk Holding» kompaniýalar topary paýtagtyň şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmaga hem işjeň gatnaşyp, saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm desgalaryny, şol sanda Halkara pediatriýa merkezini, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini we Stomatologiýa merkezini gurýar. Geljekde bolsa Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti üçin 500 orunlyk köpugurly hassahana ulanmaga berler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyklarda ýokary hil derejesine we innowasion sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylmadygyna aýratyn üns berilmelidigini belledi. Gurulýan enjamlaryň athanalarda howanyň çalşygyny awtomatiki usulda amala aşyrmalydygy we atlaryň saglyk ýagdaýyna ýokary tehnologiýaly gözegçiligi üpjün etmelidigi, düşek örtükleriniň bolsa dünýä standartlaryna, şol sanda ippoterapiýa geçirmek üçin döredilýän şertlere laýyk gelmelidigi nygtaldy.
Bu ugurdaky söhbetdeşligi dowam etdirip, Ahmet Çalyk Stambulda geçirilen Halkara etnosport we medeniýet festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ýeňşi bilen Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlady hem-de ahalteke bedewleriniň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa eden Bilal Ärdoganyň gutlaglaryny ýetirdi. Şeýle hem işewür Niderlandlar Patyşalygynda geçiriljek atçylyk ulgamyna degişli çärelerde «asman» atlarynyň dünýä ýüzündäki meşhurlygyny artdyrmaga ýardam bermek isleýändigini bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Ahmet Çalyga kakasy — Türkiýäniň dokma senagatynyň görnükli işgäri Mahmyt Çalygyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini aýtdy.
