24-nji maýda Aşgabatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen ýokary derejeli diplomatik gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen türkmen paýtagtyna gelen Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça Ýörite wekili Wiktor Maýko bilen iş duşuşygyny geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatik edaralaryň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine degip geçmek bilen, häzirki wagtda gün tertibinde duran meselelere seretdiler.
Söhbetdeşler Aşgabadyň we Kiýewiň dostlukly gatnaşyklary däp bolan ikitaraplaýyn görnüşde, hem-de abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
