Waşingtonda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň täze tapgyryny alamatlandyrýan resmi dabaraly çäre geçirildi. Ak tamda Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ynanç hatyny gowşurdy.
Kabul edişligiň dowamynda türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Donald Trampa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Konstruktiw söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Donald Tramp Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygyna we halkyna özüniň iň gowy arzuwlaryny ýollady. Taraplar 34 ýyldan gowrak dowam edýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Aşgabadyň we Waşingtonyň köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan özara gyzyklanmasy nygtaldy. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegi, özara maýa goýumlary höweslendirmegi, strategik energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagy, şeýle hem däp bolan medeni-ynsanperwer alyşmalary çuňlaşdyrmagy ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezdiler.
