Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýan hyzmatdaşlyk yzygiderli täze strategik mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şu günki günde taryhy kökleri gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň dowürlerine çenli uzalyp gidýän döwletara gatnaşyklar, iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyklykda okgunly ösdürilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda bolup geçen ýokary derejeli duşuşyklar hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berdi. Milli bähbitleriň ählumumy ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly hökmünde, Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça Aşgabada gelen HHR-iň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen soňky gepleşikleri we olaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary görkezmek bolar.
Bu ösýän dialogyň dowamy hökmünde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-nyň Başlygy Si Szinpine Türkmenistana sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ugratdy, munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açmaga gönükdirilendir.
Oz gezeginde, HHR-nyň Başlygy Si Szinpin çakylygy minnetdarlyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň adyna jogap hatyny ugratdy.
Bu hatda şeýle bellenilýär:
«Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Siziň iberen çakylyk hatyňyzy aldym.
Siz uzak wagtyň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda tagalla edýärsiňiz, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlugyň dowam etdirilmegine ägirt uly goşant goşýarsyňyz hem-de dürli möhüm ugurlarda özara hyzmatdaşlyga ýardam edýärsiňiz. Men muňa ýokary baha berýärin. Men hytaý-türkmen hemmetaraplaýyn gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Siziň bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga taýýardyryn. Türkmenistana gelip görmäge çakylygyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Iki tarap üçin hem amatly bolan wagtda ýurduňyza sapar bilen barmaga taýýardyryn. Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleri bu mesele boýunça ýakyn aragatnaşykda bolup bilerler.
Siz öz hatyňyzda Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe iri taslamalary ýatlapsyňyz. Hytaý tarapy iki ýurduň arasynda dürli ugurlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny yzygiderli goldaýar. Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça komitet degişli başlangyçlary düýpli öwrenip, olary degişli şertlerde durmuşa geçirip biler. Hytaý tarapy Türkmenistan bilen bilelikde gatnaşyklaryň täze aýdyň nusgalaryny döretmek we “Hytaý — Türkmenistan bitewi ykbal bileleşiginiň” mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ugrunda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.
Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, işiňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Dostlukly türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.
Si Szinpin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy».
