Iň täze habarlar

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli we bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärleri aşakda görkezilen iş ýerine çagyrýar:  

29.01.2024 | 22:19
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy  ökde hünärli we bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärleri aşakda görkezilen iş ýerine çagyrýar:  

Gyýanly obasynda işlemek üçin

Wezipesi: Hünärmen (amallar boýunça inžener)

Bildirilyän talaplar: Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

Bilimi: Inženerlik hünäri boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: Desgada nebit gaz pudagynda mehaniki enjamlar we/ýa-da gözegçilik-ölçeg abzallary boýunça hünärmen bolup azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly. Işewürlik üçin zerur bolup durýan endikler binýadyna laýyk gelmek babatynda başarnyklara baha bermek we tälim okuwlaryny geçirmekde bolan tejribe goşmaça artykmaçlyk bolup durýar.

Dil ukyplary: Iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.

Endikleri we başarnyklary: MS Office programmalary bilen işlemekde başarnyklary bolmaly.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (“B” blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman ”PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.