

Ýewraziýa ykdysady forumynyň-2023 konsepsiýasy makullandy
Şu ýylyň 24-25-nji maýynda Moskwada geçirilmegi meýilleşdirlen Ýewraziýa ykdysady forumynyň guramaçylyk komitetiniň birinji mejlisi boldy – diýip, Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.


Şu ýylyň 24-25-nji maýynda Moskwada geçirilmegi meýilleşdirlen Ýewraziýa ykdysady forumynyň guramaçylyk komitetiniň birinji mejlisi boldy – diýip, Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.


Ýewropanyň kosmos agentliginiň JUICE awtomatik planetara stansiýasy üstünlikli orbita çykaryldy we eýýäm Gün ulgamynyň iň uly planetasyna – Ýupitere tarap özbaşdak uçuşy amala aşyrýar – diýip, Arianespace operatorynyň metbugat-gullugy habar berýär.


«Maryawtoulag» welaýat önümçilik birleşigi ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi – diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýty habar berýär.


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew Pakistanyň DIM-niň baştutany Hinna Rabani Har bilen meseleleriň giň toparyny, şol sanda ýakyn wagtda türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisini geçirmekligi ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirdi.


Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-niň wekilleri iki ýurduň diplomatik edaralarynyň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk esasyny kämilleşdirmek boýunça maslahatlaşmalary geçirdiler.


Türkiye 2023-nji ýylda rekord derejede 60 million adamyň gelmegine garaşýar. Bu barada Türk Ortaýer deňzi syýahatçylyk otelýerleri we operatorlary birleşiginiň (AKTOB) prezidenti Kaan Kaşif Kawaloglu habar berdi – diýip, Anadolu agentligi ýazýar.


2024-nji ýylda Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky - bäşinji mejlisi Türkmenistanda geçiriler. 13-nji aprelde Samarkantda ministrler derejesinde geçirilen IV mejlise gatnaşyjylar bu barada ylalaşdylar – diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, anna güni belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.


Bilim ministrliginiň hünärmenleri ÝUNISEF bilen bilelikde 11-14-nji aprelde bilim ulgamynyň hünärmenleri hem-de Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň ýaşlar maglumat toparlarynyň wekilleri üçin betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuwlar geçirdi.


Özbegiýanyň iki şäheri 2024-nji ýylda Arkalaşygyň mowzuklaýyn paýtagty diýlip yglan edildi - Samarkand GDA-nyň medeni paýtagty, Daşkent bolsa ýaşlar paýtagty bolar. Bu teklibiň GDA-nyň Özbegistandaky Daşary işler ministrler geňeşinde anna güni berilendigi barada Rossiýanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow metbugat-konferensiýasynda aýtdy, - diýip «Sputnik Özbegistan» habar berýär.


200-den gowrak wekiliýet 26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçjek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyna gatnaşmak üçin eýýäm hasaba alyndy.


BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekili Mohammad Faýýazi Türkmenistanyň bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşine agza edilip saýlanmagy ýurda çagalaryň hukuklaryny dünýä derejesinde öňe sürmäge, şol sanda immunizasiýa meselesi boýunça hem öňe sürmäge mümkinçilik berer – diýip, beýan etdi.


Minsk 2023-nji ýylda GDA-nyň sport paýtagty diýlip yglan edildi we indiki, 2024-nji ýylda bu status Ermenistanyň Gýumri şäherine geçiriler. Bu karar Arkalaşygyň ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Samarkantda geçirilen mejlisinde kabul edildi.


Gurban Berdiýewiň Kazanyň "Rubin" futbol klubyna ýolbaşçylyk etmegi ahmal - diýip, Rusfootball.info habar berdi.


Russiýa, Gazagystan we Özbegistan üç taraplaýyn gaz birleşiginiň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ilerlediler. Bu her tarap üçin hem peýdaly bolar diýip, - diýip Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow anna güni aýtdy.