HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sianda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň duşuşygy geçirildi

Maý 18, 2023 | 15:55 |10542
“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaýyň Sian şäherine iş
sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni
HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaýyň Sian şäherine iş
sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni
HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Çeşme: CGTN

“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaýyň Sian şäherine iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

HHR-iň lideri Türkmenistanyň Prezidentini mähirli garşylap, kärdeşiniň şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýa eden üstünlikli döwlet saparyna ünsi çekdi. Şol saparyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Si Szinpin: “2023-nji ýyl Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 20-nji Ählihytaý gurultaýynda kesgitlenen esasy ýörelgeleriň doly durmuşa geçirilen ilkinji ýyly bolar” - diýdi. Ol ýakynda Türkmenistanda parlament saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigini belledi. Türkmen döwleti Prezident Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni başdan geçirýär.

Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan wagtyndan bäri geçen 31 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý özara hormat goýmak, ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň mümkinçilikleri we uly geljegi bar. Hytaý iki halkyň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi dowam etdirmek üçin Türkmenistan bilen işleşmäge taýýar – diýip, Hytaýyň Habarlar gullugy Si Szinpiniň sözlerini getirýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026