HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda iki sany gadymy suw howdanyny dikeltmek boýunça taslama tamamlandy

Maý 19, 2023 | 10:34 |9800
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stiwen Klimou Türkmenistan bilen bilelikdäki Şährislam taryhy ýerde ýerleşýän iki sany ýerasty suw howdanlaryny (sardobalary) gaýtadan dikletmek boýunça taslamanyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stiwen Klimou Türkmenistan bilen bilelikdäki Şährislam taryhy ýerde ýerleşýän iki sany ýerasty suw howdanlaryny (sardobalary) gaýtadan dikletmek boýunça taslamanyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.
Çeşme: ORIENT-iň redaksiýasy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu Stiwen Klimou Türkmenistan bilen bilelikdäki Şährislam taryhy ýerde ýerleşýän iki sany ýerasty suw howdanlaryny (sardobalary) gaýtadan dikletmek boýunça taslamanyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.

Taslama sardobalary gaýtadan dikeltmek we olary geljekde zeper ýetmelerden goramak boýunça belli bir işleri tamamlamaga mümkinçilik berdi.

Hünärmenler ýygnanan gumy aýyrdylar, suw howdanynyň portalyny we diwarlaryny, şeýle hem suwa eltýän basgançagy, sardoplaryň üstündäki gümmezi we arkaly germewi dikeltdiler we berkitdiler.

Öz sözünde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi şuňa meňzeş gazyp agtaryşlaryň ähmiýeti we bu taryjy ýadygärligiň özüne çekip biljek syýahatçylyk mümkinçiligi barada gürrüň berdi.

Saparyň barşynda diplomat taryhy desgadaky işjeňlik bilen tanyşdy we ýerasty sardobalary gördi.

В Туркменистане завершился проект по восстановлению двух древних водохранилищ

Belläp geçýäris, $195 600 möçberindäki grant medeni mirasy goramak boýunça Ilçileriň Gaznasyndan (AFCP) Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologia institutyna 2020-nji ýylyň awgustynda berlipdi.

Şu günki güne çenli AFCP Türkmenistan boýunça iki million dollara golaý möçberde 30 taslama goldaw berdi.

Şährislam Bäherden şäherinden 20 km uzaklykda Garagum çölünde IX asyrdan XV asyryň başyna çenli dowam eden gadymy şäher bolupdyr. Ol sebit merkezi we Beýik ýüpek ýolundaky wajyp duralga bolupdyr.

Şährislamdaky sardobalar Merkezi Aziýa üçin ajaýyp bolan geçitler ulgamy, kärizler arkaly suw toplapdyrlar. Geçitler Köpetdagda ýerleşen çeşmelerden 20 km gowrak aralyga suw eltipdirler.

Şährislamdaky suw howdany – Merkezi Aziýada gönüburç şekilindäki ýeke-täk sardobanyň mysalydyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026