

Gazagystan daşary syýasat konsepsiýasyny täzelemegi meýilleşdirýär
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň daşary syýasat boýunça konsepsiýasyny täzelemegiň möhümdigi barada beýan etdi.


Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň daşary syýasat boýunça konsepsiýasyny täzelemegiň möhümdigi barada beýan etdi.


BMG-niň 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabryna çenli geçjek howanyň üýtgemegi boýunça Maslahatynyň (COP 28) öňüsyrasynda BAE-niň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministrligi durnukly ösüşe we dekarbonizasiýa gönükdirilen tehnologik kärhanalar üçin startaplaryň bütindünýä bäsleşigini (Make it in the Emirates Forum) geçirer.


Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşindäki ykdysady meseleler boýunça Komissiýanyň Moskwada geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Bu barada Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.


«Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň Garagumgurluşygynyň hünärmenleri Garagum derýasynyň Mary welaýatyndaky 173— 456-njy kilometrindäki hanasyny giňeltmek işlerine girişdiler – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.


Gaffney, Cline & Associates atly energetika pudagynda maslahatlary bermäge ýöriteleşen Britan kompaniýasy «Türkmennebit» DK-ni bilen ýurduň nebit senagatyna maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada kompaniýanyň taslamalary dolandyrmak boýunça direktory Drýu Pauella salgylanyp, Trend habar berýär.


HHR-nyň onunjy pilotly dolandyrylýan kosmos gämisi «Şençžou-15» ŞHG-na gatnaşýan ýurtlaryň talyplary we mekdep okuwçylary bilen aragatnaşyk seansyny geçirdi.


Türkmen türgeni Anastasiýa Morgenştern 18-nji aprelden 22-nji aprel aralygynda Daşkentde geçýän dünýä çempionatyna saýlama ýaryşyň dördünji güni altyn medala mynasyp boldy.


SpaceX-iň baştutany Ilon Mask kompaniýanyň aşa agyr raketa Starshipiň täze uçurylyşyna 1-2 aýdan taýýar boljakdygyny beýan etdi – diýip, «Interfaks» habar berýär.


28-nji aprelde 2015-nji ýylda Türkmenistanyň birini milli hemra aragatnaşygynyň TürkmenÄlem 52°E orbita çykarylmagyna 8 ýyl dolýar. Şol wagtdan bäri hemra Türkmenistanda berilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmekde, olaryň elýeterliligini üpjün etmekde möhüm goşant goşdy.


Ýurdumyzyň Baş prokuraturasynyň we Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň wekilçilik etmeginde Türkmenistan ÝHHG-nyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Birleşmesiniň Wenada geçen 23-nji maslahatyna gatnaşdy.


Jemal Agajanowa – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby 1-nji orny eýeledi we Londonda onlaýn geçirilen skripka ýerine ýetirijileriniň halkara bäsleşiginiň baýragynyň eýesi boldy. Abraýly saz bäsleşigi Angliýanyň paýtagtynda dünýäniň dürli künjeklerinden onlarça sazandany bir ýere jemledi. Ýeňijiler tomus möwsüminde Parižde bilim, ylym, medeniýet we sungat pudagynda her ýylky dabarasynda «Iň gowudan iň gowusy» baýragy bilen sylaglanarlar.


Penşenbe güni, Aşgabatda DÖM-nyň ýaş ilçileri, şeýle hem UNISEF-iň we Fransiýanyň Bouygues Turkmen kompaniýasynyň wekilleri tarapyndan her ýyl 22-nji aprelde bellenilýän Halkara Ýer Gününiň öňüsyrasynda daşky gurşaw boýunça çäre geçirildi. Carbon Co-Working okuw merkeziniň çäginde, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 17 nyşany hökmünde 17 agaç nahallaryny ekdiler.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin wise-premýer Tatýana Golikowa bilen söhbetdeşlikde "Ilkinjileriň hereketi" ýaşlar hereketine degişlilikde "pionerler" adalgasyny ulanmak meselesine garamagy teklip etdi. Wise-premýer bu teklibi ýaşlar bilen ara alyp maslahatlaşmagy wada berdi -diýip, TASS habar berýär.


Meşhur fransuz parfýumeri we ylmy geňeşçi Maýkl Moiseýew öz barlaghanasynda Aýyň ysyny döretdi. Aý ysyny döretmäge ony 1969-njy ýylda Aýyň üstüne aýak basan Nil Armstrongdan soň ikinji adam, “Apollon-11” missiýasyna gatnaşan kosmonawt Bazz Oldriniň Aý barada beren gürrüňleri höweslendirdi – diýip, Nature žurnaly habar berýär.


Garagum Nonwoven türkmen kärhanasy, 18-nji aprelden 21-nji aprel aralygynda Ženewada geçirilýän dokma däl materiallaryň «INDEX 23 World's Leading Nonwovens Exhibition» halkara sergisine gatnaşýar. Kompaniýa, Türkmenistanda bu önümleri ýeke-täk öndüriji bolup, giň gerimi Ýewropanyň iň uly sergi meýdançalarynyň birinde görkezildi.