Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Hytaýa oba hojalyk önümleriniň eksporty 42 göterim ösdi

Maý 24, 2023 | 01:03 |15081
Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasyndaky haryt dolanşygy ýanwar-aprel aýlarynda 37,3 göterim ýokarlandy. Bu barada Hytaýyň Baş Gümrük müdirligi aýtdy.Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasyndaky haryt dolanşygy ýanwar-aprel aýlarynda 37,3 göterim ýokarlandy. Bu barada Hytaýyň Baş Gümrük müdirligi aýtdy.
Çeşme: afpbb.com

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan) arasyndaky haryt dolanşygy ýanwar-aprel aýlarynda 37,3 göterim ýokarlandy. Bu barada Hytaýyň Baş Gümrük müdirligi aýtdy.

Hytaýyň importynyň arasynda energiýa önümleri umumy mukdaryň 55 göterimini emele getirýär - bular tebigy gaz, çig nebit, kömür. Metall minerallary import ugrynda 13,7 göterim ösdi.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýokary hilli oba hojalyk önümleri 42,9 göterim artyp, Hytaý bazaryna çalt süýşýär.

Hytaýyň eksportynda bolsa, mehaniki elektrik önümleri we köp zähmet talap edýän harytlar gaty ösdi. Maşyn gurluşyk we elektrik önümleriniň mukdary 68,3 göterim ýokarlandy we Hytaýyň eksportynyň 45,2 göterimini emele getirdi. Hytaý egin-eşikleriniň we dokma önümleriniň eksporty hem 75,2 göterim ýokarlandy.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen söwdany ösdürmek maksady bilen Hytaýyň gümrük gullugy ýolagçy we ýük gatnawynyň täzeden başlamagyna işjeň goldaw bermegi, «bir bitewi penjire» ulgamyny ösdürmegi hem-de ygtyýarly ykdysady operatorlaryň özara ykrar edilmegi maksat edinýär.

Hytaýyň Merkezi Aziýadan oba hojalygy we azyk önümleri bilen üpjünçiligini artdyrmak, gümrük taýdan resmileşdirmek işlerinde «ýaşyl geçelgeleri» giňeltmek isleýändigini mälim etdi.

Häzirki wagtda 100-den gowrak oba hojalyk we azyk önümleri Merkezi Aziýadan Hytaýa eksport edilýär we diňe gaýtadan işlenen oba hojalyk önümleri üçin sekiz sany «ýaşyl geçelgeler» döredildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026