

GDA-nyň ýaşlar paýtagty 2024-nji ýylda Daşkent, 2025-nji ýylda Gabala, 2026-njy ýylda bolsa Kapan bolar
Garaşsyz döwletler arkalaşygynyň Hökümet baştutanlary geňeşiniň penşenbe güni Soçide geçirilen mejlisinde geljek üç ýyl üçin GDA-nyň ýaşlar paýtagtlary tassyklandy. 2024-nji ýylda Daşkent (Özbegistan), 2025-nji ýylda Gabala (Azerbaýjan) we 2026-njy ýylda Kapan (Ermenistan) GDA-nyň ýaşlar paýtagty bolar – diýip, Arkalaşygyň Ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.




















