HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanlylary döredijilikli ykdysadyýete goldaw bermek üçin okamagyň onlaýn-maksatnamasyna çagyrýarlar

Iýun 08, 2023 | 14:43 |8092
Türkmenistanlylary döredijilikli ykdysadyýete goldaw bermek üçin okamagyň Supporting the Creative Economy onlaýn-maksatnamasyna çagyrýarlar. Bu barada Britan Geňeşi habar berýär.Türkmenistanlylary döredijilikli ykdysadyýete goldaw bermek üçin okamagyň Supporting the Creative Economy onlaýn-maksatnamasyna çagyrýarlar. Bu barada Britan Geňeşi habar berýär.
Çeşme: Instagram.com / @britishembassyashgabat

Türkmenistanlylary döredijilikli ykdysadyýete goldaw bermek üçin okamagyň Supporting the Creative Economy onlaýn-maksatnamasyna çagyrýarlar. Bu barada Britan Geňeşi habar berýär.

Dört hepdelik öz-özüňe bilim bermegiň onlaýn -maksatnamasy Britan geňeşi tarapyndan Cultural Associates Oxford guramasy bilen bilelikde işlenip düzüldi. Ol medeniýet we döredijilik ugrundan işleýän hünärmenler we bu ugurdan syýasaty ösdürmekde gyzyklanýan hünärmenler üçin niýetlenendir.

Okuw iki moduldan ybarat bolup, ol iňlis dilinde subtitrli şekilli sapaklary öz içine alýar. Maksatnama gatnaşyjylara olaryň ýurtlarynda döredijilik we medeniýet senagatyna goldaw bermekleri üçin täze pikirleri we gurallary hödürleýär, şeýle hem Beýik Britaniýa we beýleki ýurtlar bilen hünär aragatnaşyklaryny giňeldýär.

Okuwy gurşap alýan esasy temalar şulary öz içine alýar: döredijilik pudagynyň beýleki pudaklar bilen özara gatnaşygy, maglumatlary ýygnamak we seljermek, telekeçiligi ösdürmek üçin täze başarnyklar, biznes-modeller, döredijilik hablary we torlary, intellektual eýeçilik, medeni dürlülik we auditoriýanyň ösdürilmegi, döredijilik milli brend hökmünde ýa-da bäsleşikli artykmaçlyk.

Maksatnama 2023-nji ýylyň 3-nji iýulyndan 28-nji iýulyna çenli dowam eder we onlaýn düzgünde üç sany «gönümel» sessiýalar bilen üsti ýetiriler, ol ýerde tanyşmak we tejribe alyşmak üçin dürli ýurtlardan bolan gatnaşyjylar ýygnanarlar. Maksatnama döredijilik we döwlet pudaklarynyň özara gatnaşygynyň hakyky mysallarynyň üsti bilen döredijilik ykdysadyýetine has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.

Gyzyklanýan taraplar 22-nji iýuna çenli onlaýn-ýüz tutmany tabşyrmalydyrlar.

Şeýle hem siziň näme üçin bu maksatnama bilen gyzyklanýandygyňyz we oňa gatnaşmagyň wekilçilik edilýän ýurtdaky medeni we döredijilik pudaklarynyň ösüşine nä derejede goşant goşmaga kömek etjekdigi görkezilmelidir.

Doly maksatnamany geçen gatnaşyjylar okuwy tamamlandyklary barada Britan Geňeşinden we Cultural Associates Oxford-dan şahadatnama alarlar.

Goşmaça maglumat almak üçin şu elektron salgy boýunça ýüz tutup bolýar: media@ololo.city

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026