HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen hünärmenleri Ýerewanda maliýe hasabatlaryny düzmek boýunça öňdebaryjy usullary öwrendiler

Iýul 04, 2023 | 22:18 |7700
Türkmenistan bilen Ermenistanyň ykdysadyýet we maliýe pudagyndaky
hünärmenleri Ýerewanda tejribe alyşdylar we maliýe hasabatlaryny
taýýarlamakda öňdebaryjy tejribäniň mümkinçiliklerini öwrendiler. Iki
ýurduň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine
hem garaldy.Türkmenistan bilen Ermenistanyň ykdysadyýet we maliýe pudagyndaky
hünärmenleri Ýerewanda tejribe alyşdylar we maliýe hasabatlaryny
taýýarlamakda öňdebaryjy tejribäniň mümkinçiliklerini öwrendiler. Iki
ýurduň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine
hem garaldy.
Çeşme: BMGÖM

Türkmenistan bilen Ermenistanyň ykdysadyýet we maliýe pudagyndaky hünärmenleri Ýerewanda tejribe alyşdylar we maliýe hasabatlaryny taýýarlamakda öňdebaryjy tejribäniň mümkinçiliklerini öwrendiler. Iki ýurduň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine hem garaldy.

IMG_20230704_221538.jpg

Türkmen wekiliýetiniň düzüminde Ermenistanyň paýtagtyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri geldi. Ýerewanly kärdeşleri olary ýurtda ulanylýan statistika usulyýeti we maliýe hasaplaryny düzmegiň gurallary bilen tanyşdyrdylar, şeýle hem usulyýet meseleleriniň ýörelgelerini düşündirdiler. Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistanda maliýe hasaplaryny düzmek üçin ulanylýan usullary, şol sanda 2008-nji ýylyň Milli hasap ulgamyna (MHU) geçiş prosesini ara alyp maslahatlaşdylar.

IMG_20230704_221554.jpg

Bu tanyşlyk we tejribe alyşma saparynyň Türkmenistanyň 2008-nji ýylyň MHU-nyň statistik ülňülerine laýyklykda maliýe hasaplaryny işläp düzmek we ýurduň milli hasaplar babatynda institusional we statistiki mümkinçiliklerini güýçlendirmek boýunça alyp barýan işlerine goşant goşmagyna garaşylýar.

IMG_20230704_221610.jpg

Türkmen wekiliýetiniň Ýerewana sapary BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň institusional, statistik, maglumat we tehniki mümkinçiliklerini berkitmek” taslamasynyň çäginde gurnaldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026