Habarlar

Türkmen alymlary müň ýyl ozal ýazylan arap kitaplaryny türkmen diline terjime edýärlerTürkmen alymlary müň ýyl ozal ýazylan arap kitaplaryny türkmen diline terjime edýärler

Türkmen alymlary müň ýyl ozal ýazylan arap kitaplaryny türkmen diline terjime edýärler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary arap dilinde ýazylan kitaplary, şol sanda, Ebil Ferej Muhammet en-Nediminiň “El-Fihrist (Teswir)” atly eseri we Ibn Hajar Askalanynyň “Ed-Dürerül-Kämine” atly eseriniň II jildini türkmen diline terjime edýärler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň syýasy partiýalary bilen gepleşikleri geçirdilerHytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň syýasy partiýalary bilen gepleşikleri geçirdiler

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň syýasy partiýalary bilen gepleşikleri geçirdiler

30-njy iýul – 1-nji awgust aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň agzasy, partiýanyň Sinhaý welaýat komitetiniň sekretary Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary ýurdumyzyň Demokratik, Agrar we Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy ýarym ýylda $430 mln-dan gowraga ýetdiTürkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy ýarym ýylda $430 mln-dan gowraga ýetdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy ýarym ýylda $430 mln-dan gowraga ýetdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 4,7% artyp, $438 mln-a ýetdi. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan Özbegistanyň GDA ýurtlarynyň arasyndaky iri söwda hyzmatdaşlarynyň reýtinginde Russiýadan, Gazagystandan we Gyrgyzstandan soňra dördünji ýeri eýeleýär.