Habarlar

Türkmen kinostudiýasy Eýranda Magtymguly barada filmi surata düşürip başladyTürkmen kinostudiýasy Eýranda Magtymguly barada filmi surata düşürip başlady

Türkmen kinostudiýasy Eýranda Magtymguly barada filmi surata düşürip başlady

Türkmen kinomatografistleri Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragy hakda dokumental filmi surata düşürmegi dowam etdirmek üçin Eýrana geldiler. «Türkmenfilm» birleşiginiň film toparlary eýýäm Russiýada (Astrahan we Moskwa), Azerbaýjanda we Türkiýede geljek film üçin zerur materiallary surata düşürdiler. Film indiki ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna ekranlara çykar.

Howanyň üýtgemeginiň ýurduň we sebitiň suw üpjünçiligine edýän täsiri Türkmenistanyň suw hojalyk toplumynyň hünärmenleri tarapyndan geçiriljek ýörite seminarda öwrenilerHowanyň üýtgemeginiň ýurduň we sebitiň suw üpjünçiligine edýän täsiri Türkmenistanyň suw hojalyk toplumynyň hünärmenleri tarapyndan geçiriljek ýörite seminarda öwreniler

Howanyň üýtgemeginiň ýurduň we sebitiň suw üpjünçiligine edýän täsiri Türkmenistanyň suw hojalyk toplumynyň hünärmenleri tarapyndan geçiriljek ýörite seminarda öwreniler

Türkmenistanda ýurdumyzyň suw hojalyk toplumynda zähmet çekýän hünärmenler üçin üç günlük seminarlaryň täze tapgyry başlandy. Okuwyň esasy maksady, daşky gurşaw meseleleri boýunça hünärmenleriň esasy bilimlerini “ýokarlandyrmak”, ýagny howanyň üýtgemeginiň suw baýlyklaryna sebit we milli derejede täsirini göz öňünde tutmakdyr. Şeýle hem, okuw maksatnamasynda hünärmenler Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna suw üpjünçiligi üçin uýgunlaşma çärelerini dogry we wagtynda ulanmak endiklerini öwrenerler.

Saud Arabystanyň “Al-Feýha” topary “Ahal” bilen oýnundan öň metbugat duşuşygyny geçirdiSaud Arabystanyň “Al-Feýha” topary “Ahal” bilen oýnundan öň metbugat duşuşygyny geçirdi

Saud Arabystanyň “Al-Feýha” topary “Ahal” bilen oýnundan öň metbugat duşuşygyny geçirdi

Duşenbe güni, 18-nji sentýabrda “Ahal” (Türkmenistan) we “Al-Feýha” (Saud Arabystany) futbol klublarynyň arasynda AFK Çempionlar ligasynyň toparçasynyň birinji tapgyrynyň birinji oýnunyň öňüsyrasynda Aşgabatda metbugat duşuşygy geçirildi. Žurnalistler bilen geçirilen duşuşyga iki toparyň baş tälimçileri we kapitanlary, şeýle hem ýaryşy guramak boýunça komitetiň wekilleri gatnaşdylar.