HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistan ministri bilelikde film düşürmegi türkmen tarapyna teklip etdi

Sentýabr 19, 2023 | 01:59 |6973
Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň milli miras we medeniýet federal ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Jamal Şah bilen 18-nji sentýabrda duşuşdy.Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň milli miras we medeniýet federal ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Jamal Şah bilen 18-nji sentýabrda duşuşdy.
Çeşme: app.com.pk

Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň milli miras we medeniýet federal ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Jamal Şah bilen 18-nji sentýabrda duşuşdy. Onda iki ýurduň arasynda medeni aragatnaşygy ýola goýmaga aýratyn üns berildi. Bu barada “Associated Press of Pakistan” habar berýär.

Taraplar medeni miras babatda gatnaşyklary pugtalandyrmaga we dürli ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Jamal Şah halk diplomatiýasyny ösdürmek üçin sungatyň dürli ugurlarynda bar bolan kuwwatlyklary nygtap, halklary ýakynlaşdyrmak üçin bilelikde film önümçiligini ýola goýmagy teklip etdi.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa döwletleri Hytaý – Pakistan ykdysady geçelgesiniň medeni kerweniniň ikinji tapgyryna gatnaşmaga ýörite çagyryldy. Türkmen ilçisi we pakistan ministri özara gyzyklanma bildirýän medeni alyşmalaryň çäklerinde gepleşikler dowam etdirmegi ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026