Habarlar

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň täze ilçisi Beata Peksadan ynanç hatyny kabul etdiPrezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň täze ilçisi Beata Peksadan ynanç hatyny kabul etdi

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝB-niň täze ilçisi Beata Peksadan ynanç hatyny kabul etdi

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy we Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem, ilçi Prezidentimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady.