Habarlar

Hünär endiklerini ösdürmek taslamasy “startap-ekoulgam – 2023”Hünär endiklerini ösdürmek taslamasy “startap-ekoulgam – 2023”

Hünär endiklerini ösdürmek taslamasy “startap-ekoulgam – 2023”

Milli jemgyýetçilik birleşigi “Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesi” we Döwrebap hünär endiklerini ösdürmek boýunça USAID taslamasy bilelikde “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna başlaýar. “Startap-ekoulgam - 2023” maksatnamasynyň maksady Türkmenistanda startaplaryň işewür-inkubasiýasy we akselerasiýasy (täze amala aşyrylan innowasion işewür-ideýalar) boýunça hyzmatlaryň bazaryny ösdürmek bolup durýar, bu bolsa, ýaşlaryň telekeçiligini ösdürmek üçin we täze iş ýerlerini döretmek üçin şertleriň gowulanmagyna getirer.

Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän binalar bilen tanyşdyHalk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän binalar bilen tanyşdy

Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasynda alnyp barylýan işler we durky täzelenmegi meýilleşdirilýän binalar bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler we durky täzelenjek desgalaryň meýilnamalary bilen tanyşdy. Soňra bolsa, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Geçirilen bu iş saparyň ýazgysy “Watan” habarlar gepleşiginde görkezildi.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri Duşanbede geçiriljek duşuşyklary we sammiti ara alyp maslahatlaşdylarTürkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri Duşanbede geçiriljek duşuşyklary we sammiti ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary işler ministrleri Duşanbede geçiriljek duşuşyklary we sammiti ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary ýakyn wagtda boljak ýokary derejedäki saparlary guramak barada telefon arkaly maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we täjigistanly kärdeşi Sirojiddin Muhriddin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çägindäki daşary işler ministrleriniň ýygnagyna, taýýarlyk görlüşi barada pikir alyşdylar. Bu ýokary derejeli sammit indiki hepde, 14-nji we 15-nji sentýabrda Duşanbe şäherinde geçiriler.