HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Sanly ulgam arkaly gümrük okuwlaryny okatmagyň usullary öwrenildi

Noýabr 12, 2023 | 15:49 |7056
Elektron okuw ulgamyny gümrük we serhet gulluklarynyň okuw edaralaryna ornaşdyrmak, şeýle hem şunuň bilen bagly mowzuklar boýunça elektron okuw modullary işläp taýýarlamak barada maslahatlaşmalar boldy.Elektron okuw ulgamyny gümrük we serhet gulluklarynyň okuw edaralaryna ornaşdyrmak, şeýle hem şunuň bilen bagly mowzuklar boýunça elektron okuw modullary işläp taýýarlamak barada maslahatlaşmalar boldy.
Çeşme: customs.gov.tm

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMKA-10) guramagynda sanly tehnologiýalar arkaly okatmagyň usulyýeti boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky okuw merkeziniň işgärleri, Serhet institutynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleriň karantini boýunça döwlet gullugynyň, S.A. Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

Okuw maslahatynyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar halkara bilermenleriň okatmagy esasynda elektron okuw ulgamy boýunça Ýewropa tejribesi bilen tanyşdylar. Elektron okuw ulgamyny gümrük we serhet gulluklarynyň okuw edaralaryna ornaşdyrmak, şeýle hem şunuň bilen bagly mowzuklar boýunça elektron okuw modullary işläp taýýarlamak barada maslahatlaşmalar boldy.

Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezinde okuw işini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk edip guramak babatda işler yzygiderli alnyp barylýar. Okuw çärelerine welaýat gümrükhanalarynyň işgärleriniň hem gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, sapaklaryň sanly ulgam arakly gurnamak tejribesi hem ulanýarlar.

Şeýle halkara çärelere işgärleriň gatnaşmagy olaryň tejribesiniň artmagyna ýardam edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026