HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işi Almatydaky klaster edarasy tarapyndan utgaşdyrylyp bilner

Noýabr 13, 2023 | 09:44 |6062
Häzirki wagta çenli bu toparyň işi ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasy tarapyndan utgaşdyrylýar.Häzirki wagta çenli bu toparyň işi ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasy tarapyndan utgaşdyrylýar.
Çeşme: ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli topary

ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň Guramanyň Almatydaky klaster edarasynyň direktory Amir Piriç bilen geçiren duşuşygynda milli toparyň işini Gazagystanyň paýtagtyndan utgaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Häzirki wagta çenli bu toparyň işi ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasy tarapyndan utgaşdyrylýar.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen duşuşykda milli toparyň ÝUNESKO-nyň Gazagystandaky klaster edarasyna goşulmak meseleleri maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda bilimiň, ylmyň, medeniýetiň ösmegine, taryhy we binagärlik ýadygärlikleriniň we medeni gymmatlyklaryň goralmagyna möhüm goşant goşýan taslamalary durmuşa geçirmekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň milli topary habar berýär.

Taraplar şeýle hem soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellediler.

Amir Piriç Almatydaky edaranyň bilim, ylym we medeniýet pudagynda täze taslamalary durmuşa geçirmekde goldaw bermegi dowam etdirmäge taýýardygyny nygtady. Söhbetdeşler Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada ylalaşdylar.

Çynar Rüstemowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň 42-nji Ählumumy maslahatyna gatnaşmagyň çäklerinde Pariž şäherinde iş saparynda bolýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

Ankarada goranyş ulgamynda senagat hyzmatdaşlygy günleri — IDA Turkey 2026 geçiriler

00:09 Sentýabr 11, 2026
Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

Dünýäde ilkinji gezek ýaşuly adamlaryň sany bäş ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanyndan geçdi

00:06 Sentýabr 11, 2026
Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

Stambulda 12-nji halkara öý haýwanlary harytlarynyň «PETZOO Eurasia 2026» sergisi geçiriler

00:01 Sentýabr 11, 2026