HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Diplomatlaryň täze nesli üçin akademiki aragatnaşyklar

Noýabr 12, 2023 | 20:39 |9772
ORIENT-iň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekiliýeti ýakynda Bişkekde bolup, ýurdumyzyň ýokary diplomatiýa mekdebiniň wekilleri Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň myhmany boldylar.ORIENT-iň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekiliýeti ýakynda Bişkekde bolup, ýurdumyzyň ýokary diplomatiýa mekdebiniň wekilleri Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň myhmany boldylar.
Çeşme: Ö.Muhammetberdiýew tarapyndan berlen

ORIENT-iň ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekiliýeti ýakynda Bişkekde bolup, ýurdumyzyň ýokary diplomatiýa mekdebiniň wekilleri Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrliginiň Kazy Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň myhmany boldylar.

Biz, wekiliýetiň agzalaryndan biri bolan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy, sosiologiýa ylymlarynyň doktory, professor Öwezdurdy Muhammetberdiýewden bu saparyň galdyran täsirlerini paýlaşmagyny, maksatlary we netijeleri barada gürrüň bermegini haýyş etdik.

– Gatnaşyklary we aragatnaşyk ýollaryny ösdürmek halkara arenasynda işleýän islendik diplomat üçin möhüm talapdyr. Bu aragatnaşyklar akademiki gurşawda nähili rol oýnaýar?

-Olar diplomatlaryň indiki neslini birleşdirmäge kömek edýär, häzirki talyplaryň geljekde daşary ýurtdaky wezipelerinde ýüzbe-ýüz boljak kynçylyklaryny çözmek üçin zerur hünär endiklerini giňeldýärler.

Bişkekdäki saparymyz 2014-nji ýylyň noýabr aýynda institutymyz bilen Gyrgyz Respublikasynyň Diplomatik akademiýasynyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde bolup geçdi. Wekiliýet diňe iki adamdan ybaratdy. Institutymyzyň ýolbaşçylaryndan ylmy işler boýunça prorektor Begenç Mätliýew wekilçilik etdi, men professor-mugallymlar toparyna wekilçilik etmek mertebesine eýe boldum.

– Akademiýanyň özüne baranyňyzy gysgaça göz öňüne getirip beräýiň.

– Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew Diplomatik akademiýasy öz taryhyny 1998-nji ýylda Gyrgyzystanyň Halkara uniwersitetinde diplomatik işgärleri taýýarlamak we kämilleşdirmek merkeziniň açylyş dabarasyndan alyp gaýdýar. Hut şu merkeziň esasynda 2001-nji ýylda akademiýa statusy bolan garaşsyz ýokary okuw mekdebi döredildi. Esaslandyrjysy Daşary işler ministrligi tarapyndan wekilçilik edilýän Respublikanyň Hökümeti boldy.

1-1.jpg

Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň Diplomatik akademiýasy ýokary, aspirantura we goşmaça hünär bilimi boýunça döwlet bilim guramasydyr. Ol hünärmenleri taýýarlamak şeýle hem, işgärleri gaýtadan taýýarlamak we derejesini kämilleşdirmek, halkara gatnaşyklary pudagynda düýpli we amaly ylmy gözlegleri geçirmek bilen bagly işleri alyp barýar.

Gyrgyz diplomatiýasynyň iň gowy güýçleri bu ýerde sapak berýär we olaryň köpüsi diplomatiýanyň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan hormatly professorlar we ylym işgärlerdir. Bize aýdylyşy ýaly, ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylygynda bu akademiýany gutaranlar döwlet dolandyryş ulgamynda jogapkärli wezipeleri eýeleýärler we Gyrgyzystandaky iň uly we halkara guramalarynda işleýärler. Köpüsi bilimini dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezlerinde dowam etdirýärler.

– Saparyňyzyň maksatnamasy barada has giňişleýin gürrüň beräýiň?

– Saparymyzyň maksatnamasy üç bölekden ybaratdy. Birinjisi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasynyň rektory, taryh ylymlarynyň doktory, Gyrgyzystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akylbek Kylyçew bilen duşuşygymyz boldy. Ol aýratyn hem, Diplomatik akademiýasyna saparymyzyň bilim edaralarymyzyň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşygyň durmuşa geçirilişiniň aýdyň görkezijisidigini belledi. Şeýle hem ol, Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky bilim we diplomatiýa pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, uly tejribesi bolan abraýly alym we diplomat, bitaraplyk pelsepesine esaslanýan döwletimiziň daşary syýasatyna ýokary baha berdi, esasan hem, ol Türkmenistanyň howpsuzlygy üpjün etmekde üpjün etmekde we Merkezi Aziýa sebitinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm rol oýnaýandygyna ünsi çekdi.

Saparymyzyň ikinji bölümi, hyzmatdaşlygymyzyň geljegi uly bolan ugurlary bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. Biziň ýokary okuw mekdeplerimiziň arasyndaky akademiki we ylmy alyş-çalşy has-da güýçlendirmek we bilelikdäki çäreleri guramak baradaky özara islegleri tassyklandy.

2-4.jpg

Hususan-da, biz gyrgyz kärdeşlerimiz bilen bilelikde gözleg taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, köpçülikleýin ylmy monografiýalary taýýarlamagyň formatlaryny ara alyp maslahatlaşdyk, ýokary okuw mekdeplerimiziň professorlaryny we mugallymlaryny resmi opponent hökmünde we kandidatlyk hem-de doktorlyk dissertasiýalaryna synçy hökmünde çekmek, ÝOM-niň professorlary we mugallymlary tarapyndan talyplar üçin onlaýn formatda bilelikdäki ylmy konferensiýalary we leksiýalary we ş.m geçirmek barada pikir alyşdyk.

Saparymyzyň soňky bölüminde, Diplomatik akademiýasynyň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleriniň, talyplarynyň we magistrantlarynyň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Alyp baryjy we esasy çykyş eden Diplomatik akademiýanyň ylmy işler boýunça prorektory, taryh ylymlarynyň doktory, professor Zaýniddin Karpekowiç Kurmanow boldy. Onuň çykyşy akademiýanyň gözleg işlerine we halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlandy.

Men Türkmenistanyň daşary syýasaty baradaky tanyşdyryş görkezmäm bilen çykyş etdim. Üçünji çykyş eden ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent G.Alybaýew bolup, onuň çykyşy Gyrgyzystanyň halkara ykdysady gatnaşyklaryna bagyşlandy. Çykyş edenler iki ýurduň geljekdäki ösüşi üçin giň mümkinçiliklerini agzap geçdiler, Gyrgyz Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine baha berdiler, şeýle hem, ýokary we konstruktiw hem-de okgunly häsiýetli ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýeten derejesine ünsi çekdiler.

Çykyşlardan soň talyplara we mugallymlara özlerini gyzyklandyrýan soraglaryny bermäge we prezentasiýalary ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berildi. Soraglar diňe çykyşlarda ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn meseleler bilen çäklenmän, eýsem häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň giň toparyna hem degişlidi.

– Tegelek stoluň gatnaşyjylary tarapyndan Türkmenistan barada nähili soraglar berildi?

– Men höwes bilen uly gyzyklanma bildirilip soralan birnäçe soraglara jogap bermäge synanyşdym. Olar türkmen Bitaraplygynyň taryhy, halkara gatnaşyklaryny gurmakda Türkmenistan üçin bitarap statusyň artykmaçlyklary bilen baglanyşyklydy. Şeýle hem, “ýaşyl” energetikamyz, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň başlangyçlary, türkmen we gyrgyz halklarynyň umumylyklary we beýlekiler barada-da soraglar bardy.

3-2.jpg

– Bişkek şäherine eden syýahatyňyzdan tejribe alyşmak boýunça haýsy peýdaly zatlary öwrendiňiz?

– Gyrgyz kärdeşlerimizden öwrenmeli köp zatlar bar. Hususan-da, gözleg işlerinde toplan uly tejribelerini belläsim gelýär. Diplomatik akademiýanyň professorlarynyň ylmy işi diňe monografiýalary, okuw kitaplaryny, okuw gollanmalaryny we ylmy-usulyýet ösüşlerini taýýarlamak we neşir etmek bilen çäklenmeýär. Mundan başga-da, akademiýa Daşary işler ministrligi we öz respublikasynyň beýleki döwlet edaralary üçin degişli teklipler bilen giňişleýin gözden geçiriş we seljeriş materiallaryny taýýarlamaga işjeň gatnaşýar, olar özleriniň “Diplomatik ýyl ýazgysyny” yzygiderli neşir edýär.

Akademiýanyň işgärleri aşakdaky ýaly gyzykly temalar boýunça giňişleýin monografiki gözlegleri geçirýärler: "Merkezi Aziýanyň çarwa diplomatiýasynyň taryhy", "Häzirki zaman halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň tendensiýalary we hünär diplomatiýasynyň wezipeleri", "Gyrgyzystanyň halk diplomatiýasynyň taryhy."

Akademiýa öz doktranturasyny we aspiranturasyny üstünlikli alyp barýar, PhD (doktorlyk) derejesi bilen alymlary taýýarlaýar hem-de özüniň taryh we syýasy ylymlar boýunça doktorlyk we kandidatlyk derejesini bermek üçin ýöriteleşdirilen geňeşi bar.

Gyrgyz Respublikasynyň Diplomatik akademiýasy tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilen başga bir örän gyzykly taslama - Dünýä dilleri we medeniýetleri merkezidir, iki ýyllyk okuwlarda, döwlet edaralary we halkara guramalary üçin bir wagtyň özünde iňlis, nemes, fransuz, ispan, arap, hytaý, ýapon, koreý, hindi we türk ýaly dillerde terjimeçileri taýýarlaýar. Mundan başga-da, pudak ýörelgelerine laýyklykda giň profiliň terjimeçileri hem taýýarlanýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

00:01 Iýun 21, 2026
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta Russiýa bilen diplomatik kanaly açmak barada karar kabul etdi

16:36 Iýun 20, 2026
Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

Kreatiw industriýalary GDA-nyň medeni dialogynyň täze formaty hökmünde – Sankt-Peterburgdan Aşgabada çenli

09:00 Iýun 20, 2026