

Türkmenistanyň mynasyp ýaşlary Hytaýa we Wengriýa okuwa iberiler
Gürrüň 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary ibermegiň mümkinçiligi barada barýar.


Gürrüň 2024-2025-nji okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary ibermegiň mümkinçiligi barada barýar.


Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy hem-de degişli guramaçylyk topary döredildi.


Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy TMCELL-iň abonentlerine SMS boýunça gyş günlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň möhümdigini ýatladýar.


Türkmen agyr atletikaçysy Anamjan Rustamowa 2023-nji ýylyň 9-15-nji dekabrynda Katar Döwletiniň paýtagty Dohada geçen agyr atletika boýunça Gran Pri ýaryşynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.


14-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara nebit-himiýa, oba hojalyk we ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.


“Türkmenistan - Ýewropa Bileleşigi” adam hukuklary boýunça Dialog görnüşindäki nobatdaky 15-nji duşuşyk, 18-nji dekabrda Brýusselde geçiriler. Duşuşygyň ertesi güni, 19-njy dekabrda Belgiýanyň paýtagtynda Türkmenistan-ÝB bilelikdäki toparyň söwda we ykdysadyýet ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm taraplaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 22-nji mejlisi geçiriler. Toparyň 21-nji mejlisi 2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilipdi.


Anna güni, 15-nji dekabrda paýtagtyň “Aşgabat” kinoteatrynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Ýaponiýanyň gaznasynyň (Japan Foundation) goldawy bilen geçirilýän 7-nji ýapon filmleri festiwalynyň dabaraly açylyşy geçirildi.


Gyrgyz Respublikasynyň başlylyk etmeginde 18-nji dekabrda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler. Oňa agza döwletleriň ykdysadyýet we medeniýet ministrleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.


Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Şensi sebitiniň merkezi dolandyryş şäheri Sian şu ýylyň başyndan bäri Hytaý - Ýewropa ugry boýunça gatnadylan 5 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi.


Kazanyň halkara dil sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Hindistanyň dil öwreniji alymlary "tegelek stol" maslahatyny geçirdiler.


15-nji dekabrda Türkmenistanyň we Tailand Patyşalygynyň daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.


Hazar deňzinde käbir ugurlar boýunça ýük gatnawlaryny artdyrmak boýunça uly potensialynyň bardygyny bellemek bolar. Hazar deňzindäki ýerleşen deňiz portlaryň infrastrukturasyny gowulandyrmak, nyrh syýasatyny kämilleşdirmek, multimodal mehanizmleri ulanmak, bökdençlikleri azaltmak, resmileşdiriş proseduralary ýeňilleşdirmek ýaly wezipeleri durmuşa geçirmek wajyp bolup durýar.


BMGÖM-iň halkara bilermeni, BSG-niň Tejribe merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkow Aşgabat şäherine eden sapary wagtynda ýurduň BSG-na goşulmagyna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirdi.


Amazon kompaniýasy iki sany “Project Kuiper” atly prototip internet hemrasynyň arasynda kosmos lazer aragatnaşyk baglanyşygyny üstünlikli synagdan geçirdi.


14-15-nji dekabr aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi. Çäräniň temasy “Deňligi stimulirlemek, durnukly we üýtgewsiz ykdysadyýet üçin elýeterli we öz içine alyjy ulag aragatnaşygy” diýlip atlandyryldy. Duşuşyk, 2024-nji ýylyň iýun aýynda Ruandanyň paýtagty Kigali şäherinde geçiriljek ösüp barýan ýurtlaryň Üçünji maslahatynyň (LLDC) öňünden geçirilen taýýarlyk tapgyrydyr.