HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý we Tailand wizasyz düzgün barada ylalaşyga gol çekdiler

Ýanwar 30, 2024 | 20:38 |5258
Hytaý we Tailand wizasyz düzgün barada özara ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada "China daily" neşiri habar berýär.Hytaý we Tailand wizasyz düzgün barada özara ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada "China daily" neşiri habar berýär.
Çeşme: vietnam.vn

Hytaý we Tailand wizasyz düzgün barada özara ylalaşyk baglaşdylar. Bu barada "China daily" neşiri habar berýär.

Degişli resminama Tailandyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň arasynda Bangkok şäherinde geçen konsultatiw gurluşly ilkinji duşuşygyň çäklerinde gol çekildi.

Täze düzgün 1-nji martdan güýje girer.

Hytaýyň daşary işler ministri Wan Iniň sözlerine görä, wizasyz düzügüniň girizilmegi Tailanda gelýän hytaýly syýahatçylaryň sanynyň artmagyna goşant goşar. Şeýle hem, ýokary derejeli diplomat tailand halkyny Hytaýyň belent ösüşli ruhuny duýmaga we hytaý halkynyň myhmansöýerligine şaýat bolmaga çagyrdy.

Hytaý goňşy ýurtlar bilen alyp barýan diplomatiýasynda Tailand döwletini ileri tutulýan hyzmatdaş hökmünde görýär we ýurduň ösüş ýoluny dowam etdirmegini goldaýar.

Öz gezeginde Tailandyň daşary işler ministri Parnpri Bahiddha-Nukara wizasyz düzgüni güýje girizmek baradaky ylalaşygyň uzak möhletli hytaý-tailan dostlugynyň we ynanaşmagynyň nyşany bolup durýandygyny aýtdy.

Geljek ýylda Hytaý bilen Tailandyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 50 ýyllygy belleniler. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar täze derejä çykdy.

Şeýle hem Hytaýa guş etini we podokarpusy eksport etmek barada şertnama baglaşyldy. Podokarpus - bu landşaft bezegi üçin niýetlenen gaýtalanmajak ösümlikdir. Hytaý Tailanddan has ýöriteleşdirilen oba hojalyk önümleri-de import eder.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026