

Daşary ýurtlaryň meşhur aýdymçylary Aşgabatda Täze ýyl konsertleri bilen çykyş ederler
25-nji dekabrda türk aýdymçylary Burak Bulut, Kurtuluş Kuş, “Nýuşa” ady bilen tanalýan rus aýdymçysy Anna Şuroçkina konsert bererler.


25-nji dekabrda türk aýdymçylary Burak Bulut, Kurtuluş Kuş, “Nýuşa” ady bilen tanalýan rus aýdymçysy Anna Şuroçkina konsert bererler.


20-nji dekabrda “Go Viral 2023-2024 – GoNight” taslamasynyň täze möwsümine badalga berildi.


Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Leýli Garýagdyýewa “Garmoniýa” atly 8-nji halkara sungat bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.


Döwlet býujetnde durmuş maksatly ulgama gönükdiriljek serişdeleriň tutýan paýy 77,3 göterim göz öňünde tutulyp, şonuň 36,6 göterimi bilime, 13,5 göterimi saglygy goraýyşa, 2,9 göterimi medeniýete, 37,8 göterimi döwlet durmuş üpjünçilik ulgamyna, 9,2 göterimi ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna harçlanar.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawyny tassyklaýan Karara gol çekdi.


Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy Eziz Döwletow 2027-nji ýyla çenli Aziýa Tennis federasiýasynyň wise-prezidentligine saýlanyldy.


Bu çözgüt Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasyna Türkmenistanyň gönükdirýän maýa goýumlaryny ýörite Kanun esasynda düzgünleşdirmegi wezipe edip goýýar.


Çarşenbe güni, 20-nji dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.


Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň 4-nji mejlisi 14-nji dekabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylyk etmeginde göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Oňa topara agza ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.


Türkmenistanyň wekiliýeti "Hazaryň deňiz giňişligini goramak hakynda" Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde döredilen ýörite bilermenler toparynyň birinji mejlisine gatnaşdy.


Türkmenistanyň Deňiz söwda flotynyň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21,6% ýokarlandy we 2,06 million tonna ýetdi.


2023-nji ýylda dünýäde nebit we gaz serişdelerini agtarmaga we gazyp almaga gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 2020-nji ýyldakydan 24 göterim artdy.


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2026-njy ýyly “Durnukly ösüş maksatlary üçin meýletinçileriň halkara ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi.


Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň agzalary “Merkezi Aziýanyň öňünde ekologiýa meseleleri: durnukly ösüş we abadançylygyň hatyrasyna sebit raýdaşlygyny pugtalandyrmak” atly Kararnamany kabul etdi.