HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilermen gözleg ulgamyndaky salgylaryň nädip howp döredip biljekdigi barada aýtdy

Fewral 02, 2024 | 13:24 |19287
Russiýanyň «Sanly platformalar» («Цифровые платформы») awtonom täjiriçilik däl guramasynyň Baş direktory Arseniý Şelsin girizilen buýruk esasynda gözleg ulgamynyň birinji setirlerinde açylýan salgylaryň howply bolup biljekdigini duýdurdy. Onuň bellemegine görä, kompaniýalar bu salgylary ulanyjylaryň maglumatlaryny toplamak üçin ulanyp bilerler, olar bolsa soňra agressiw marketingde ulanylýar.Russiýanyň «Sanly platformalar» («Цифровые платформы») awtonom täjiriçilik däl guramasynyň Baş direktory Arseniý Şelsin girizilen buýruk esasynda gözleg ulgamynyň birinji setirlerinde açylýan salgylaryň howply bolup biljekdigini duýdurdy. Onuň bellemegine görä, kompaniýalar bu salgylary ulanyjylaryň maglumatlaryny toplamak üçin ulanyp bilerler, olar bolsa soňra agressiw marketingde ulanylýar.
Çeşme: Canva

Russiýanyň «Sanly platformalar» («Цифровые платформы») awtonom täjiriçilik däl guramasynyň Baş direktory Arseniý Şelsin girizilen buýruk esasynda gözleg ulgamynyň birinji setirlerinde açylýan salgylaryň howply bolup biljekdigini duýdurdy. Onuň bellemegine görä, kompaniýalar bu salgylary ulanyjylaryň maglumatlaryny toplamak üçin ulanyp bilerler, olar bolsa soňra agressiw marketingde ulanylýar.

Bu barada «RIA Nowsti» habar berýär.

Şelsin adatça şeýle çeşmelerde sosial ulgamlar arkaly awtomatiki usulda hasaba almagyň göz öňünde tutulandygyny düşündirdi. Bu ýagdaýda ulanyjynyň sosial ulgamlarda beýan edilen şahsy maglumatlary kompaniýanyň maglumatlar bazasynda jemlenýär. Soňra bu maglumatlar spam ibermek, mahabat maksatly jaň etmek ýa-da hatda kezzaplyk etmek üçin hem ulanylyp bilner.

Şelsin sosial fişingden goranmak üçin aşakdaky howpsuzlyk çärelerini berjaý etmegi maslahat berýär:

• Sosial ulgamlardaky sazlamalaryňyzda ýokary gizlinlik derejesine düzüň.

• Sosial ulgamlardaky hasaplaryňyz arkaly beýleki saýtlara girmäň.

• Ygtybarly antiwirus we antifişing programma üpjünçiligini gurnaň.

Gözleg ulgamyndaky salgylara gireniňizde seresap boluň we internetdäki şahsy giňişligiňize üns beriň.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026