HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen futbolçysy Lionel Messi bilen bir meýdançada duşuşar

Fewral 02, 2024 | 13:24 |6124
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarymgoragçysy, Gonkongyň “Kitçi” toparynyň oýunçysy Ruslan Mingazow ABŞ-nyň “Inter Maýami” futbol kluby bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşgynda Lionel Messi bilen bir meýdançada çykyş eder.Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarymgoragçysy, Gonkongyň “Kitçi” toparynyň oýunçysy Ruslan Mingazow ABŞ-nyň “Inter Maýami” futbol kluby bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşgynda Lionel Messi bilen bir meýdançada çykyş eder.
Çeşme: fkpribram.cz

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ýarymgoragçysy, Gonkongyň “Kitçi” toparynyň oýunçysy Ruslan Mingazow ABŞ-nyň “Inter Maýami” futbol kluby bilen geçiriljek ýoldaşlyk duşuşgynda Lionel Messi bilen bir meýdançada çykyş eder. Bu barada “Kitçi” futbol kluby habar berdi.

Duşuşyk 4-nji fewralda Gonkongyň Milli stadionynda geçiriler.

Lionel Messini we onuň “Barselonadaky” öňden gelýän ýoldaşlary Luis Suaresi, Serhio Busketsi we Žordi Albany özünde jemleýän “Inter Maýami” klubyna garşy geçiriljek duşuşykda “Kitçiniň” düzüminde türkmen futbolçysy Ruslan Mingazow bilen bilelikde onuň 5 topardaşy çykyş eder.

Ýeri gelende bellesek, Ruslan Mingazow 2022/2023-nji ýylyň oýun möwsüminde Gonkongyň iň gowy futbol oýunçysy diýlip yglan edilipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026